Friday, 10 November 2017 20:56

Zarif: merkezi Aziýa ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary berkarar etmekde Eýran birinji hatardadyr

Zarif: merkezi Aziýa ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary berkarar etmekde Eýran birinji hatardadyr
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif merkezi Aziýa ýurtlary bilen dostlukly we garşylykly hormat esasyndaky gatnaşyklary berkarar etmekde Eýran birinji hatardadyr diýip nygtady.

Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirlen "merkezi Aziýada howpsuzlyk we durnuklu ösüş adyndaky halkara konferensiýasynda" gürrüň beren Muhammet Jawad Zarif hyzmatdaşlyklary ösdürmek, sebitde parahatçylyk ugurda hereket etmek we sebitleýindir halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaşlyklary ösdürmek Eýran Yslam Respublikasynyň yzarlaýan strategiýasydyr diýip yglan etdi.

Zarif sözüniň dowamynda goňşy ýurtlaryň howpsuzlygy we durnuklylygy Eýranyň howpsuzlygy manysyndadyr diýmek bilen sebitde we dünýäde terrorizme we tekfiri ideýäsyna garşy göreşmeklik ýurtlaryň bilelikde arkadaşlyk etmeklerini talap edýändir diýip nygtap geçdi.

Add comment


Security code
Refresh