Friday, 10 November 2017 20:39

Aýatolla Hatami:Saud Arabystan liwany durnuksyzlaşdyrmagyň yzyndadyr

Aýatolla Hatami:Saud Arabystan liwany durnuksyzlaşdyrmagyň yzyndadyr
Tehraniň juma namazynyň hatyby Arabystanyň paýtagty Al-Riýatda Liwanyň premýer ministri Saad haririniň öz wezipesinden kenara çekilýänligini yglan etmegi Arabystanyň döwletiniň Liwanyň içeri işlerine gatyşýanlygyny mälim edýändir diýdi.

şu gün Aýatolla Hatami Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde Saud Arabystan Liwanyň durnuksyzlygyny we dartgynlylyga uçramagyny isleýändir diýmek bilen bütin jenaýatlarda şol sanda Siriýa, Yrak, Ýemen we Liwandaky jenaýatlarda eli bolan Arabystan indi Liwanyň premýer ministrni Al-Riýada çagyryp we öňden taýýarlanan haty onuň erkinde goýup wezipesinden kenara çekilmäge mejbur etmek bilen açyk tärde Liwanyň içeri işlerine gatyşyp durandyr diýip nygtady.

Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy soňky wagtlarda ýüze çykan özgerişleri we bu ýurtdaky şazadalaryň tutulmaklaryny formalite hasaplap Arabystanyň mirasdüşeri Muhammet Bin Salmaniň Eýrana garşy aýdan gürrüňleri we haýbat atmalary amala aşyrylsa Eýran milletiniň berk gaýtawuly bilen ýüzbe-ýüz boljakdyr diýip yglan etdi.

Aýatolla hatami  şeýle-de Yrak Kürdüstanynda geçirlen referendom arkaly täze ysraýylyň döredilmegi baradaky mekirli hiläniň şowsuzlyga uçranlygyna hem yşarat edip Yrak Kürdüstanynyň jogapkärleri ajy we şowuna bolmadyk tejribelerini ýaňadan gaýtalamany bitewi Yragyň milleti we döwleti bilen hemra bolmalydyrlar diýip nygtady.

Tehraniň juma namazynyň hatyby sebitde DAEŞ terrorçylaryny ýok etmek ugurda Siriýanyň we Yragyň goşun we halka güýçleriniň bitiren işleri babatly minnetdarlygyny bildirdi.

Add comment


Security code
Refresh