Şu gün Ak Tam köp jenjellerden soňra ahyrynda Amerika döwletiniň Eýrana garşy täze strategiýasynyň mazmunyny neşir etdi.
Amerika döwleti Eýrana gärşy täze strategiýasynda Eýranyň ýadro ylalaşygyna gözegçilik işleri güýçlendirmek, Eýranyň harby merkezlerini ýakyndan baryp görmek, we Sepah Pasdarana basyş bermek baradaky meselelere üns berendir.
Amerikanyň Eýrana garşy düzen täze strategiýasy Ak Tam, Kongress we Amerikanyň howpsuzlyk maslahatçylarynyň 9 aýlap geçiren gepleşikleriniň we maslahatlarynyň netijesidir we Amerikanyň howpsuzlyk bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen iň oňat şeklindfe düzülendir diýip yglan bolandyr.
Puç toslamalar esasynda Amerikanyň Eýrana garşy düzen täze strategiýasy şeýle bir ýagdaýda neşir bolandyr welin Amerika we onuň ýaranlary terrorçy toparlaryň şol sanda Siriýada DAEŞ toparynyň guraslmagyna sebäp bolandyrlar.
Amerika döwleti neşir eden täze strategiýasynda sebitde durnyksyzlyk döretmek we terrorçylara we goşunlaçlara hemaýat bermek ugurdaky Eýranyň alyp barýan hereketlerini çäklendirmek barada çäre görülendir diýip toslady.