Thursday, 12 October 2017 20:58

Zarif, Mugerini we Zigmar Gabriýeliň telefon arkaly söhbetdeşligi

Zarif, Mugerini we Zigmar Gabriýeliň telefon arkaly söhbetdeşligi

 

 

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat jogapkäri Federika Mugerini bilen Germaniýanyň daşary işler ministri Zigmar Gabriýel Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliklerinde bütin taraplaryň ýadro ylalaşygy baradaky ygrarlarynda durmaklaryny nygtadylar.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat jogapkäri Federika Mugerini bilen Germaniýanyň daşary işler ministri Zigmar Gabriýe Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliklerinde Ýewropa bileleşiginiň Eýran bilen 5+1 ýurtlaryň arasynda hasyl bolan ýadro ylalaşyga yrarlydygyny yglan etmek bilen bir wagtda bu ylalaşygyň ykdysady bähbitlerinden Eýranyň peýdalanmagyny nygtadylar.

Eýran Yslam Respublikasy ýadro ylalaşygy baradaky ygrarynda durýan mahalyna çenli Ýewropa bileleşigi hem öz grarynda durar diýip Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat jogapkäri Federika Mugerini bilen Germaniýanyň daşary işler ministri Zigmar Gabriýel yglan etdiler.

Şu gün Fransiýanyň daşary işler ministri Eýranly kärdeşi Muhammet Jawad zarif bilen geçiren telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde ýadro bu ylalaşygyň ykdysady bähbitlerinden Eýranyň peýdalanmagyny nygtap geçdi.

 

Add comment


Security code
Refresh