Wednesday, 11 October 2017 20:57

Ýadro ylalaşygy baradaly Amerikanyň her hili hereketine Eýran gaýtawul berjekdir

Ýadro ylalaşygy baradaly Amerikanyň her hili hereketine Eýran gaýtawul berjekdir

 

 

Eýranyň yslam şura mejlisiniň başlyklar toparynyň metbugat wekili Amerika döwleti ýadro ylalaşygyndan çykmagy ýadyna alýan bolsa onuň harajatyny hem tölemeli bolar sebäbi Ýewropa bileleşigi we 5+1 topary bu halkara ylalaşygy goldandyrlar diýdi.

Şu gün Behruz nemati mejlisiň açyk maslahatynyň ýanynda mejlisde ýapyk gapylaryň aňrysynda Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen geçirlen maslahat hakynda ara atylan soragyň jogabynda bu maslahatda Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň ýadro ylalaşygyna garşy aýdan gürrüňleri we Tramp bilen kongressiň ähtimallaýyn amala aşyrjak senarýolary hakynda gürrüň edildi diýip yglan etdi.

Behruz Nemati şeýle-de Amerikanyň her hili tutumyna laýyklykda Eýran hem gaýtawul berjekdir diýip sözüne goşdy.

Nemati şeýle-de Eýranyň Sepah Pasdaranyna garşy gadaganlyklary amala aşyrmak baradaky Amerikanyň ara atan meselesine hem yşarat edip Waşingtonyň resmilerinden bu strategik ýalňyşlyga baş goşmakdan saklanmaklaryny isledi.

Add comment


Security code
Refresh