Sunday, 17 September 2017 19:58

Ruhani BMG-niň baş assembleýasynyň 72-nji sessiýasyna gatnaşmak maksady bilen Nýu ýork şäherine ugrady

Ruhani BMG-niň baş assembleýasynyň 72-nji sessiýasyna gatnaşmak maksady bilen Nýu ýork şäherine ugrady

 

 

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Birleşen Milletler Guramanyň baş assembleýasynyň ýyllyk maslahaty Eýran milletiniň sesiniň dünýä ähline eşitdirilmegine we Amerikada we günbatarda umumy pikirleriň arasyndaky ähtimallaýyn şübheleri aýyrmak üçin gowy pursatdyr diýdi.

Şu gün prezident Hasan Ruhani Birleşen Milletler Guramanyň baş assembleýasynyň72-nji sessiýasyna gatnaşmak maksady bilen Nýuýorka sapar etmezden öňürti habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde bu maslahatda çykyş etmeginden aýry Amerikanyň media serişdeleriniň müdiri, syýasatçylary şeýle-de bu ýurduň institutlarynyň jogapkärleri, Amerikadaky musulmanlaryň başlyklary hemde bu ýurtda ýaşaýan Eýranlylar bilen duşuşyklary geçirip Eýranyň yzarlaýan pozisiýalaryny açyklajakdygyny yglan etdi.

Prezident Ruhani şeýle-de Nýuýork saparynyň gidişinde Belgiýa, Şwesiýa, Awsteriýa, Fransiýa, Iňlis, ýaponiýa , Pakistan, Günorta Afrika we Boliwiýa ýurtlarynyň başlyklary bilen hem duşuşyp ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleler hemde ýadro ylalaşygy we mýanmarda musulmanlaryň gyrana berilmegi barada gürrüň etjekdigini aýtdy.

Prezident Ruhani geljek çarşenbe güni Birleşen Milletler Guramanyň baş assembleýasynyň 72-nji sessiýasynda çykyş etjekdir.

Add comment


Security code
Refresh