Wednesday, 13 September 2017 21:56

Zarifi Putin bilen duşuşdy

Zarifi Putin bilen duşuşdy

 

 

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif Orsýetiň Suçi şäherinde bu ýurduň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyp gürrüň etdi.

Şu gün Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif Suçi şäherinde Wladimir Putin bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, Siriýanyň  dartgynlylygy, ýadro ylalaşygy  we ortagündogar sebitiň özgerişleri barada maslahatlaşdy.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif sebitiň soky özgerişleri barada rus resmileri bilen maslahatlaşmak üçin Suçi şäherine barandyr.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif şu gün Suçi şäherine baran badyna habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde halkara atom energiýasy agentliginiň Eýranyň harby merkezlerini ýakyndan gelip görmegi barada ara atylasn soragyň jogabynda ýadro ylalaşygy we goşmaça protokol esasynda bu agentlik ýadro işleriň  mümkin bolaýjak ýerlerini ýakyndan görüp bilýändir diýip nygtady.ol şeýle-de ýadro ylalaşygyň bilelikdäki iş maslahaty esasynda halkara atom energiýasy agentliginiň bakym işlerini bahanalap Eýranyň syrlaryny bilmäge haky ýokdyr diýdi.

Add comment


Security code
Refresh