Monday, 11 September 2017 21:37

Ruhani: sebit ýurtlarynyň kynçylyklarynyň sebitleýin çözgidi bardy

Ruhani: sebit ýurtlarynyň kynçylyklarynyň sebitleýin çözgidi bardy

 

 

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani sebit ýurtlarynyň şol sanda Owganystanyň kynçylyklarynyň sebitleýin çäresi bardyr we hiç haçanda kesekiler we sebit aşa gudratlar arkaly çözülmez diýdi.

Şu gün prezident Hasan Ruhani Tehranda Pakistanyň daşary işler ministri Haje Muhammet Asef bilen geçiren duşuşygynda sebit ýurtlary ylaýtada Eýran bilen Pakistan sebitiň howpsuzlygy we durnuklylygy ugurda tagalla etmelidirler diýip nygtady.

Ruhani sözüniň dowamynda Eýran Yslam respublikasy terrorizme garşy göreşmek ugurda sebit ýurtlary ylaýtada Pakistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr diýip yglan etdi.

Eýranyň döwlet baş tutany sözüniň dowamynda Tehran-Yslamabadyň gowy gatnaşyklaryna yşarat edip Eýran bilen Pakistan sebitiň täsi garldyryjy ýurtlaryndandyr we Tehran döwleti Yslamabat bilen ykdysady , medeni wesyýasy gatnaşyklaryny ösdürmegiň yzyndadyr diýip nygtady.

Pakistanyň daşary işler ministri Haje Muhammet Asef hem bu duşuşykda  Yslamabat döwletiniň Tehran bilen köpugurly hyzmatdaşlyklaryny ösdürmäge ykjamdygyny aýdyp sebit kynçylyklarynyň çözülmegi Eýranyň gatnaşmagynda sebitleýin çäreleri talap edýär diýip nygtap geçdi.

Pakistanyň daşary işler ministri Haje Muhammet Asef şu gün Tehranda Eýranly kärdeşi Muhammet jawad zarif bilen hem duşuşyp gyzyklanma bildirýän meseleleri hakynda gürrüň etdi.

Add comment


Security code
Refresh