Tuesday, 05 September 2017 21:02

Şamhani: Eýran,Orsýet, Siriýa we çydam toplumynyň hyzmatdaşlyklarynyň netijesi görünip gelýändir

Şamhani: Eýran,Orsýet, Siriýa we çydam toplumynyň hyzmatdaşlyklarynyň netijesi görünip gelýändir

 

 

Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary terrorizme garşy göreşmek ugurdaky Eýran,Orsýet, Siriýa we çydam toplumynyň gymmatly hyzmatdaşlyklarynyň netijesi göze görünip gelýändir diýdi.

Şu gün Ali Şamhani Tehranda Orsýetiň prezidentiniň Siriýa işleri boýunça ýörite wekili Aleksandr Lawrentiýew bilen geçiren duşuşygynda terrorizme garşy göreşmek ugurda Eýran, Orsýet, Siriýa we çydam toplumynyň gazanan üstünliklerine yşarat edip terrorizme garşy göreşmek ugurdaky hyzmatdaşlyklar hoşniýetlilik we Siriýanyň milletidir kanuny döwletiniň islegi esasynda amala aşyrylýandyr diýip nygtady.

Şamhani sözüniň dowamynda Siriýanyň käbir goňşy ýurtlarynyň serhetlerinden Siriýadaky terrorçylara ýarag ýetirilýändigine yşarat edip bu hili hereketleriň şol ýurtlaryň zyýanyna boljakdygyna şek-şübhe ýokdyr diýip beýan etdi.

Add comment


Security code
Refresh