Sunday, 20 August 2017 21:14

Eýranyň daşary işler we goranmak ministrleri Eýranyň kuwwatlylygy ugurda hereket etjekdiklerini yglan etdiler

Eýranyň daşary işler we goranmak ministrleri Eýranyň kuwwatlylygy ugurda hereket etjekdiklerini yglan etdiler

 

 

Eýranyň daşary işler we goranmak ministrleri Eýranyň diplomatiýa we goranyş kuwwatlylygynyň artdyrylmagyny nygtadylar.

Şu gün Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif döwlet toparynyň birinji maslahatyndan soňra habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde ýadro ylalaşygyň bilelikdäki iş maslahatynyň amala aşyrlyp başlanmagyndan bäri Eýran Amerikanyň ygrarsyzlyklaryna gabat gelip durandyr oňa görä Eýranyň daşary işler ministrligi ýadro ylalaşygyny amala aşyrmak ugurda tagalla etjekdir diýip yglan etdi.

Zarif şeýle-de goňşy ýurtlar bilen gowy gatnaşyklary saklamak we çydam ykdysadyýetine goldaw bermek bu ministrligiň başga wezipelerindendir diýip sözüne goşdy.

Eýranyň täze goranmak ministri emir sartip Amir hatami hem habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde howpsuzlygyň gerek şerti bolan goranyş kuwwatlylygyny artdyrmak ugurda tagalla etjekdigini yglan etdi.

Add comment


Security code
Refresh