Friday, 18 August 2017 20:56

Larijani Barselon şäherinde ýuze çykan terrorçylykly hadysany ýazgardy

Larijani Barselon şäherinde ýuze çykan terrorçylykly hadysany ýazgardy

 

 

Eýranyň yslam şura mejlisiniň başlygy Ali Larijani soňky wagtlarda Spaniýanyň Barselon şäherinde ýüze çykan terrorçylykly hüjümi bu ýurduň kongress we sena mejlisnleriniň başlyklaryna we deputatlaryna pata aýtdy.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Ali Larijani Spaniýanyň kongressiniň başlygy Ana Pastor Juliýan  we Senatynyň başlygy Bio Garsiýa Skodro ýazan hatlarynda bu hil jenaýatlar durnuksyzlygyň, zorlukly hereketleriň we kör terrorizmiň häzirki asyrda ýaýrap barýanlygyny we terrorizme garşy göreşmek ugurda dünýä derejesinde çynlakaý hyzmatdaşlyklaryň zerurdygyny mälim edýändir diýip nygtady.

Bu hili wakalar gudrata eýe bolan käbir baý ýurtlaryň ýalňyş hemaýatlarynyň netijesidir diýip Larijani sözüne goşdy.

 

Add comment


Security code
Refresh