Sunday, 19 March 2017 20:39

Gazagystan Eýrana goldaw berýär

Gazagystan Eýrana goldaw berýär

 

 

Gazagystanyň daşary işler ministri resmi tärde Eýranyň Şanhaý guramasynyň agzalygyna alynmagyna Astana döwletiniň goldaw berýänligini yglan etdi.

Şanhaýyň halkara hyzmatdaşlyk guramasy 2001-nji ýylyň 15-nji iýunynda Hytaýyň Şanhaý şäherinde Gazagystan, Gyrgyzystan,Hytaý, Orsýet, Täjigistan we Özbegistan ýurtlary tarapyndan guraldy we soňra Hindistan bilen Pakistan hem bu guramanyň düzümine goşuldylar.

Gazagystanyň daşary işler ministri Geýrat Abdulrahmanow düýn Eýranyň daşary işler ministrniň orunbasary Ibrahim Rahimpur bilen geçiren duşuşygynda soňky wagtlarda iki ýurduň prezidentleriniň  geçiren duşuşyklarynda hümmeti bir milliard dollar bolan ylalaşyklara gol çekilmegi Eýran bilen Gazagystan döwletleriniň özara ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge ykjamdyklaryny mälim edýändir diýip nygtap geçdi.

Add comment


Security code
Refresh