Friday, 17 March 2017 19:59

Tehraniň juma namazynyň hutbalary

Tehraniň juma namazynyň hutbalary

 

 

Dünýäde şol sanda Mianmarda musulmanlaryň gyrana berilmekleriniň hemde Arabystanyň Ýemende baş goşýan jenaýatlarynyň garşysynda halka köpçüliginiň parhsyz oturmagy adam hukugyndan arka çykýan bu halkara guramalaryň abraýny dökýändir diýip Tehraniň juma namazynyň hatyby aýtdy.

Aýatolla  Muhammet Ali Mowahhedi Kermani şu gün Tehraniň jma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde Arabystanyň daşary işler ministri Adel Aljobairiň Eýranyň garşy ýaramaz gürrüňlerine yşarat edip Arabystan Eýrany terrorizmden arka çykmakda aýyplan bolýandyr emma saudylar iki ýyl bäri Ýemeniň zulum astyndaky milletine garşy hüjümlerini dowam etdirip  çagalary gyrana berip aýylganç jenaýat baş goşup durandyrlar diýdi.

Aýatolla Mowahhedi Kermani saud resmilerine garap  zulumlaryňyzy we jenaýatlaryňyzy dowam etdirip ýurduňyzy ýok olmaga tarap itermäň diýip nygtady.

Tehraniň juma namazynyň hatyby sözüniň dowamynda Eýranyň usully syýasaty Gurhan aýatlary esasynda zulum astyndakylary goldamak ugurdadyr diýmek bilen Pahlawi režimiň döwründe Amerika garaşly bolan Eýran, bu günki gün sebitiň gudratlarynyň birine dönendir diýip beýan etdi.

Aýatolla Mowahhedi Kermani sözüniň ýene bir bölüminde käbir arap we günbatar döwletleriň adam hukugyndan arka çykmak baradaky toslamalarynyň utançsyzlyk hasaplap adam hukugyny gödek bozýan ýurtlar özlerini dünýäde adam hukugynyň hemaýatçysy hasaplaýarlar diýip nygtady.

Add comment


Security code
Refresh