Wednesday, 15 March 2017 21:28

Zarif:Eýran goňşy ýurtlar bilen saklaýan gatnaşyklaryny ösdürmegiň yzyndadyr

Zarif:Eýran goňşy ýurtlar bilen saklaýan gatnaşyklaryny ösdürmegiň yzyndadyr

 

 

Eýranyň daşary işler ministri 1395-nji ýyly daşary syýasat ugurlarda ýurt üçin üstünlikli ýyl hasaplady.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawd Zarif şu gün habarçylar bilen geçiren söhbetdeşliginde 1395-nji ýylyň dowamynda 58 gezek Aziýa,Afrika,Ýewropa we Latin Amerika ýurtlaryna sapar edenligine yşarat edip şu möhletde daşary ýurtly 84 syýasy toparyň Eýrana gelendigini nygtap,ýurdyň daşary işler ministrliginiň programalarynyň ähli ýurtlar bilen gatnaşyk saklamak esasynda düzülendigini beýan etdi.

Zarif şeýle-de goňşy we musulman ýurtlaryň aýratynda Eýran bilen ugurdaş garaýyşly ýurtlaryň Eýranyň daşary syýasatynda ýörite ähmiýetden paýlydygyny nygtap geçdi.

 

Add comment


Security code
Refresh