Tuesday, 14 March 2017 19:07

Eýran- özbek syýasy gepleşikleri

Eýran- özbek syýasy  gepleşikleri

 

 

Eýran bilen Özbegistanyň syýasy gepleşikleri bu iki ýurduň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmaklarynda Daşkentde geçirildi.

7 ýyldan soňra geçirlen bu maslahatda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň soňky ýagdaýlaryny barlamakdan aýry syýasy, söwda, ýük daşaýyş, syýahatçylyk, maýa goýum etmek we ebitdir halkara derejesindäki hyzmatdaşlyklar barada pikir alyşdylar.

Bu maslahatda Eýranyň daşary işler ministrniň Aziýa-Pasifiki işleri boýunça orunbasary Ibrahim Rahimpur, Eýran Yslam Respublikasynyň iki tarapyň gyzyklanma bildirýän ugurlarynda gatnaşyk açmaga taýýardygyny yglan edip Eýran, Özbegistany halkara suwlara birikdirmekde tagalla edýändir we Özbegistanyň tarapyndan ara atylýan her bir taslamany barlajakdyr diýip nygtady.

 

Add comment


Security code
Refresh