Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Saturday, 07 April 2018 16:35

Sionist režiminiň jenaýatlary ýazgaryldy

Sionist režiminiň jenaýatlary ýazgaryldy
Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Bakuda geçirilen 18-nji maslahatynyň soňunda çykarylan beýannamada Sionist režimiň Palestina milletine garşy jenaýatlary ýazgaryldy.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri bir beýannama boýunça soňky wagtlarda Sionist režiminiň Gaza Zolagynda baş goşan jenaýatlaryny ýazgarmak bilen bir wagtda bu jenaýatlaryň tizlik bilen ýatyrylmagyny nygtadylar.

bu beýannamada şeýle-de Sionist režimiň Palestinalylara garşy amala aşyrýan duşmançylykly hereketleri şol sanda Sionist şäherçeleriň gurulmagy we ösdürilmegi,Palestinalylaryň öýleriniň dargadylmagy we mal-emläkleriniň Sionist režiminiň erkine geçirilmegi hemde harby bolmadyk müňlerçe Palestinalyň tutulmagy ýazgaryldy.

Sionist režiminiň harbylarynyň watana öwrülmek haky adyndaky uly ýörüşe gatnaşan Palestinalylara garşy ok atmagy netijesinde şu wagta çenli 31 Palestinaly şehit we 3 müňden gowragy hem ýaraly bolandyr.

Palestinalylar 30-nji Martdan ýer güni mynasybetli Gaza Zolagynda,Iordaniýa akarynyň günbatar kenarynda we basyp alynan ülkeleriň serhetleriniň ýakynynda watana öwrülmek haky adynda parahatçylykly ýörüşlerini başladylar.bu ýörüşler henizem dowam edip gelýär.

Add comment


Security code
Refresh