Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 26 March 2018 16:00

Ýemeniň raketa birligi Saud Arabystanyň howa menzillerini hüjüm astyna aldy

Ýemeniň raketa birligi Saud Arabystanyň howa menzillerini hüjüm astyna aldy
Ýemeniň goşuny we halyk güýçleriniň raketa birligi Saud Arabystanyň dürli welaýatlaryndaky howa menzillerini raketa bilen hüjüm astyna aldylar.

Al-Alam rele ýaýlymy Arabystanyň howa menzilleriniň Ýemeniň raketalary arkaly hüjüm astyna alynanlygyny habar berdi.

şu gün Al-Alam tele kanalynyň beren habaryna görä,Ýemeniň raketa birligi Barkan H2 gysymly raketasy bilen Arabystanyň paýtagty Riýadyň Mälek Halid adly halkara howa menzilini hüjüm astyna aldy.

Arabystanyň gün ortasynda ýerleşen Osaýr şäheriniň Abha howa menzili hem Kaher M2 gysymly raketa bilen hüjüm astyna alynandyr.Ýemeniň raketa birligi Arabystanyň gün ortasynda ýerleşen Jizan howa menzilini hem bir näçe balestika raketasy bilen hüjüm astyna alandyr.

Arabystanyň Ýemeni gabanlygyna garamazdan bu ýurdyň goşun we halyk güýçleriniň goranyş kuwwatlylygy gün günden artýandyr.

ýeri gelende aýtsak Ýemeniň goşuny we halyk güýçleriniň raketa birligi Arabystanyň Riýad,Jizan,Osaýr we Najran şäherlerine garşy atylan raketalar maksada baryp degendirler we Al-Saud režiminiň raketa garşy goranyş sistemasy hem olaryň öňüne geçip başaran däldirler diýip yglan etdi.

Add comment


Security code
Refresh