Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 18 March 2018 21:01

Kabulow:Orsýet,Eýran we Hytaýa basyş bermek Amerikanyň Owganystanda yzarlaýan maksadydyr

Kabulow:Orsýet,Eýran we Hytaýa basyş bermek Amerikanyň Owganystanda yzarlaýan maksadydyr
Orsýetiň Owganystandaky ilçisi Amerikanyň Owganystandaky harby huzuryndan maksat Orsýet,Eýran we Hytaý ýurtlaryna basyş bermekdir diýdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putinyň Owganystandaky ýörite wekili Zamir Kabulow Amerika döwleti Owganystanyň goňşy ýurtlaryna aralaşmak hemde sebit gudratlary şol sanda Orsýet,Eýran we Hytaýa basyş bermek niýeti bilen Owganystandaky huzuryny pugtalandyrmagyň yzyndadyr diýip nygtady.

Kabulow şeýle-de Amerika açyk tärde Merkezi Aziýany durnuksyzlaşdyrjak bolýandyr we şiýdyp hem özüni sebite aralaşdyrjak bolýandyr diýip sözüne goşdy.

Amerika we onuň NATO guramasyndaky ýaranlary Owganystandaky zyýanly syýasatlarynyň dowamynda dünýäniň bu künjeginde sowuk uruşy janlandyrmagyň yzyndadyr diýip Orsýetiň prezidentiniň Owganystandaky ýörite wekili aýtdy.durmuşda Owganystanda 15 müň Amerikaly harby ýerleşendirler.

terrorizme garşy göreşmek bahanasy bilen Owganystana goşun çeken Amerikanyň bu ýurtda bolmagy parahat ilatyň gyrana berilmeginden we bu ýurdyň düýp gurluşyklarynyň weýran bolmagyndan başga netijesi bolan däldir.

Add comment


Security code
Refresh