Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Saturday, 10 March 2018 21:00

Gündogar Guta garşy himiki hüjümi amala aşyrmak barada terrorçylaryň programasy

Gündogar Guta garşy himiki hüjümi amala aşyrmak barada terrorçylaryň programasy
Siriýanyň daşary işler ministrniň orunbasary Gündogar Gutada terrorçylaryň himiki ýaraglardan peýdalanyp onuň jogapkärçiligini Damask döwletiniň üstüne oklamak baradaky programasynyň üstüni açdy.

Eýranyň Mehr habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Siriýanyň daşary işler ministrniň orunbasary Faisal Mekdad Siriýanyň daşary işlerine gelip gowşan maglumatlar esasynda Tahrir Al-şam terrorçylarynyň Gündogar Gutada Mistraba we Beitsawa obalarynyň arasynda himiki hüjümleri amala aşyrmak barada tutum tutandyklaryny aýtdy.

terrorçylar Gündogar Gutada awyly gazlardan goraýan masklary paýlap täze filmlerine mümkinçilik döretýändirler.olar Siriýa döwletini himiki hüjümlere baş goşmakda aýyplajak bolýandyrlar diýip Faisal Mekdad nygtap geçdi.

2017-nji ýylda Amerika goşuny Siriýanyň  idlip welaýatynyň Han Şeýhun sebitinde amala aşyrlan hüjümi Siriýa döwletiniň üstüne oklap bu ýurdyň Al-Şairat harby bazasyny hüjüm astyna aldy.Siriýa döwleti bu aýyplamalary ret edendir.

 

Add comment


Security code
Refresh