Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Saturday, 24 February 2018 21:02

Amerikanyň daşary işler ministrligi bu ýurdyň ilçihanasynyň Kudusa geçiriljekdigini yglan etdi

Amerikanyň daşary işler ministrligi bu ýurdyň ilçihanasynyň Kudusa geçiriljekdigini yglan etdi
sebit we dünýä derejesinde bildirilýän nägileliklere garamazdan Amerikanyň daşary işler ministrligi Maý aýnda bu ýurdyň ilçihanasynyň Tel-Awiw-dan basyp alynan Kudusa geçiriljekdigini yglan etdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Amerikanyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Heather nauert bir beýannama boýunça 14-nji Maýda bu ýurdyň Kudusdaky täze ilçihanasynyň açyljakdygyny habar berdi.

bu beýannama esasynda Amerikanyň täze ilçihanasy Kudus şäheriniň günortasynda ýerleşen Arnona sebitindäki Amerikanyň häzirki konsulçylygynyň jaýyna geçiriljekdir.

Amerikanyň prezidenti Traump halkara derejesinde bildirilýän garşylyklara garamazdan 2017-nji ýylyň 6-nji Dekabrynda Kudusy Sionist režiminiň paýtagty höküminde yglan etdi.

şol bir wagtda Palestinany azat ediş guramasynyň ýerine ýetiriji komitetynyň sekretary Arikat we Palestinanyň dürli şahsyýetleri Amerikanyň tutan bu tutumyny ýazgaryp Amerikanyň ilçihanasynyň Kudusa geçirilmeginiň netijeleri barada Donald Traumpa duýduryş berdiler.

Add comment


Security code
Refresh