Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Friday, 23 February 2018 21:17

Owganystanyň Prezidenti: TOPH -- geljekki nesillerimiz üçin hyzmatdaşlygyň binýady

Owganystanyň Prezidenti: TOPH -- geljekki nesillerimiz üçin hyzmatdaşlygyň binýady
“Bu gün biz diňe bir gaz geçirijisiniň gurluşygynyň düýbüni tutmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekki nesillerimiz üçin binýady, hyzmatdaşlygyň binýadyny goýýarys” diýip, Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani TOPH taslamasynyň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine başlanmagyna bagyşlanan dabarada aýtdy.

Owgan lideri sebit ösüşi nukdaýnazaryndan şu günki wakanyň ägirt uly ähmiýetini belledi: «Hindistandan, Pakistandan we beýleki ýurtlardan başlap, Günorta Aziýa döwletleri ähli ugurlarda döwletara gatnaşyklaryny işjeň ösdürýärler. Şol bir wagtyň özünde Merkezi Aziýa Günorta Aziýanyň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Merkezi Aziýa sebiti netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda köpri bolup hyzmat edýär».

Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan oýlanyşykly daşary syýasaty Owganystan üçin örän möhümdir diýip, OYR-niň Prezidenti sözüni dowam etdi we bu ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belledi. Şol gatnaşyklar bolsa ikitaraplaýyn görnüşde hem-de sebit we köptaraplaýyn derejede netijeli ösdürilýär.

Owgan Lideri Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigini belläp, munuň diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň üstünligidigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli we parasatly syýasaty sebitde örän möhüm ähmiýete eýedir diýip, Mohammad Aşraf Gani aýtdy we ykdysadyýetiň okgunly ösmeginiň, durmuş babatda durnuklylygyň hem-de ägirt uly kuwwatyň bolmagynyň häzirki Türkmenistanyň aýratyn alamatlary bolup durýandygyny nygtady.

Owgan Lideri Türkmenistanyň Hökümetiniň syýasatynyň hem-de TOPH gaz geçirijisini gurmak işinde ädilen ädimleriň möhüm ähmiýete eýedigine aýratyn ünsi çekdi. OYR-nyň Prezidenti türkmen tarapyna bu taslamany durmuşa geçirmäge saldamly goşandy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýe bolan bu taslamany mundan beýläk-de goldamak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Häzirki döwürde TOPH diňe bir gaz geçirijisi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlary birleşdirýän geçelge bolup hyzmat etmelidir. Bu diňe bir ykdysady taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, syýasy ähmiýetli taslamadyr. Gaz geçirijisiniň ugrunda elektrik geçiriji, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurulmagy Türkmenistany, Merkezi Aziýany Çabahar porty bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik berer, şunda Owganystan sebitiň döwletleriniň arasynda köpri bolar diýip, Mohammad Aşraf Gani belledi we baştutanlyk edýän ýurdunyň birleşdiriji merkeziň wezipesini ýerine ýetirmäge doly taýýardygyna ynandyrdy.

 

 

Add comment


Security code
Refresh