Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 22 February 2018 18:44

Adel Al-Jubeir Eýrana garşy esassyz toslamalaryny gaýtalady

Adel Al-Jubeir Eýrana garşy esassyz toslamalaryny gaýtalady
Saud Arabystanyň daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasyna garşy esassyz we ýalan toslamalaryny gaýtalap Eýrany başga ýurtlaryň içeri işlerine goşulmaklykda aýyplady.

Al-Noşra habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu Saud Arabystanyň daşary işler ministri Adel Al-Jubeir Ýewropa Parlamentinde eden çykyşynda Eýranyň Ýemeniň Ansarolla hereketine ballistik raketalary berýänligini toslady.

Al-Jubeir şeýle-de Arabystanyň Ýemene garşy hüjüm edenligine yşarat etmezden bu ýurdyň gabawda däldigini we Sauylaryň Ýemende ok atyşygy tamamlamak ugurda tagalla edýänligini we durmuşda Ýemeniň ähli portlarynyň açykdygyny toslady.

bu toslamalar bir ýagdaýda ara atylyp durandyr welin Arabystan Amerikanyň goldawy bilen 2015-nji ýylyň Martyndan Ýemene garşy giňden hüjüme geçip bu ýyrdyň ilatynyň müňlerçesiniň ölmegine we millionlarçasynyň awara bolmaklaryna sebäp bolandyr.

Saud Arabystanyň daşary işler ministri Adel Al-Jubeir şeýle-de Katara garşy toslamalaryny gaýtalap Katar terrorçy toparlaryň ojagy bolmaly däldir diýip nygtady.

Add comment


Security code
Refresh