Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 14 February 2018 20:57

Riaz Maleki:Ysraýyl režimi bilen gepleşik geçirmek peýdasyzdyr

Riaz Maleki:Ysraýyl režimi bilen gepleşik geçirmek peýdasyzdyr
Palestinanyň daşary işler ministri Riaz Al-Maleki mundan ozal Ysraýyl režimi bilen geçirilen gepleşikler wagty köýdürmek bolandyr diýdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Palestinanyň daşary işler ministri Riaz Al-Maleki Sionist režimi bilen gaýtadan barlyşyk gepleşiklere girişmek Palestinanyň üýtgemez usuly esasynda onuň bitaraplygyna baglydyr we Palestina dolanşygyndan utuk almak niýeti bilen bolmaly däldir diýdi.

Riaz Al-Maleki şeýle-de golaý geljekde täze ideýany öz içine alýan Palestinanyň täze taslamasy bütindünýä köpçüligine yglan ediljekdir diýip sözüne goşdy.

mundan öňürti Palestina dolanşygynyň başlygy Mahmut Abbas Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky barlyşyk gepleşikleri ileri äkitmek niýeti bilen Amerikanyň prezidenti Donald Trumpyň  häzirki asryň söwdasy atlandyrlan täze taslamasy Palestinalylaryň ýüzüne urlan şarpyk hemde 1993-nji ýylda gol çekilen Oslo ylalaşygynyň bozulmagy hökümindedir diýip nygtapdy.

Add comment


Security code
Refresh