Monday, 12 February 2018 18:37

Moskwa Orsýetiň töwereginde Amerikanyň amala aşyrýan harby hereketlerine tankyt bildirdi

Moskwa Orsýetiň töwereginde Amerikanyň amala aşyrýan harby hereketlerine tankyt bildirdi
Orsýetiň daşary işler ministri bu ýurdyň töwereginde Amerikanyň amala aşyrýan harby hereketlerini Moskwa garşy howp hasaplady.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Russiýa-1 tele kanaly bilen geçiren Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglaryny bahanalap Amerikanyň raketa garşy goranyş sistemasynyň Günorta Koreýa we Ýaponiýada ýerleşdirilmegini Orsýeti gurşamak manysynda hasaplady.

Lawrow sözüniň dowamynda Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglarynyň gaty howply bolýanlygy ýadro hüjümi babatly dälde eýsem sebitde Amerikanyň amatly bolmadyk harby hereketlerine bahana döredenligi sebäplidir diýip nygtap geçdi.

mundan ozal Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem Amerikanyň Alaska we Demirgazyk Koreýada ýerleşdiren raketa garşy goranyş sistemasynyň Orsýete garşy uly howpdygyny yglan edipdi.

dünýäniň başga ýurtlary Orsýetiň serhet çäklerinde harby kuwwatlylyklaryny berkidip duran mahaly Orsýet bu mesele barada parhsyz oturyp başarmaz diýip Putin sözüne goşdy.

Add comment


Security code
Refresh