Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 04 February 2018 20:29

Türkiýe Siriýada ýerleşen Amerikaly harbylara duýduryş berdi

Türkiýe Siriýada ýerleşen Amerikaly harbylara duýduryş berdi
Türkiýe döwleti Siriýanyň demirgazyk sebitlerinde ýerleşen Amerikaly harbylara ýene bir gezek duýduryş berdi

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary Bekir Buzdag Amerikalylar Siriýanyň demirgazygyna Türkiýäniň ýitilik bilen ser etýändigini bilmelidirler diýmek bilen egerde Amerikaly harbylar Kürd militanlaryň egin eşiklerini geýinip Siriýanyň Menbaj şäherinde huzurly bolsalar olary Kürd harbylardan saýgarmak mümkin bolmaz we olara hem hüjüm ediler diýdi.

Mebaj şäheri Siriýanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşen Afrin şäheriniň 100 km gündogaryndadyr.

Türkiýe goşuny Ýanwaryň 20-nji gününden bäri Zeýtun Şahasy operasiýasy bilen Afrin şäherinde ýerleşen Kürd harbylaryna hüjüm edýändir.Siriýa döwleti bu operasiýany ýazgaryp ony bu ýurdyň häkimiýetiň bozulmagy bilýär.

Add comment


Security code
Refresh