Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 01 February 2018 22:27

Ekstremistik pikirleri ýaýratmak günäsi bilen Gazagystanda bir topar tutuldy

Ekstremistik pikirleri ýaýratmak günäsi bilen Gazagystanda bir topar tutuldy
Gazagystanyň milli howpsyzlyk komiteti ekstremistik pikirleri we düşünjeleri neşir etmek ýazygy bilen 12 adamyň tutulanlygyny yglan etdi.

Şu gün Merkezi Aziýa habarlar gullugynyň beren habaryna görä,bu adamlar Gazagystanyň günorta sebitlerinde we şäherlerinde bu ýurdyň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan tutulandyrlar.

kimliklerine yşarat bolmadyk bu Tutulan 12 adam internet giňişliginde we sosýal ulgamlarda ekstremistik ideýalary ýaýratmaklykda aýyplanýandyrlar.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň permany esasynda 2013-2017nji ýyllaryň arasynda bu ýurtda ekstremizme we terrorizme garşy göreşmek ugurda döwlet çäresi düzülip amala aşyrylyp başlandy.Gazagystan döwleti geljek 5 ýyllykda bu meselä 900 million dollary haslajakdygyny yglan etdi.

Şeýle-de Gazagystanda terrorizme garşy göreşmek üçin ýörite güýç gurulandyr.

 

Add comment


Security code
Refresh