Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 25 January 2018 21:30

Arigat:Palestina milletiniň hukukynyň üstünde söwda edip bolmaz

Arigat:Palestina milletiniň hukukynyň üstünde söwda edip bolmaz
Palestina dolanşygynyň ýokary derejeli agzasy Saeb Arigat bu dolanşygyň Palestina ülkelerinde Sionist režiminiň basyp alyjylygynyň togtadylmagyndan başga zat bilen kanagatlanmaz diýmek bilen Palestinaly awaralaryň we ýesirleriň meselesi hem çözülmelidir diýip nygtady.

Mehr habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Palestina dolanşygynyň ýokary derejeli agzasy Saeb Arigat Palestina milletiniň hak hukuky barada hiç kim bilen söwda edilmejekdigini yglan etdi.

ol şeýle-de Sionist režimi Palestinanyň başlyklaryna basyş bermek ugurda basyp alyjylykly hereketlerini dowam etdirip durandyr diýip sözüne goşdy.

Arigat şeýle-de Palestina dolanşygy basyp alynan ülkelerde Sionist režiminiň basyp alyjylygynyň togtadylmagyndan we garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmagyndan başga zat bilen kanagatlanmaz diýip beýan etdi.

Amerikanyň döwlet baş tutany Donald Traupyň Ak tama barmagy we soňky günlerde Kudusy Sionist režimiň paýtagty höküminde yglan etmegi bilen Sionist režiminiň zorlukly hereketleri hem barha artandyr.

Add comment


Security code
Refresh