Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Friday, 12 January 2018 21:06

Kim Jong-un:Pyongyang gadaganlyklaryň garşysynda berk durjakdyr

Kim Jong-un:Pyongyang gadaganlyklaryň garşysynda berk durjakdyr
Demir Gazyk Koreýanyň baştutany Pyongyanga garşy amala aşyrylýan halkara gadaganlyklar bir asyrlap dowam etse-de bu ýurt möhüm kynçylyga gabat gelmez diýmek bilen onuň garşysynda berk durjakdygyny aýtdy.

sputnik habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Demir Gazyk Koreýanyň lideri Kim Jong-un şu gün beren gürrüňlerinde Demir Gazyk Koreýanyň ýeňiş faktorlarynyň birisi bu ýurdyň ylym we tehnologiýanyň ösüşine ýörite üns bermegidir diýmek bilen şu esasda duşmanlar tarapyndan bize garşy 10 ýyllyk ýa-da 100 ýyllyk gadaganlyklary ýöredilse-de ýenede kynçylyga gabat gelmeris diýip yglan etdi.Daşary basyşlaryň garşysynda çydanmak üçin Pyongyangyň ýokary başarjaňlyklarynyň sebäbi bu ýurdyň beýleki ýurtlara bakna bolmazlygy,kuwwatly ykdysadyýetden paýly bolmagy we Demir Gazyk Koreýanyň ekspertleriniň ylmy-barlaglara we tehnologiýa ýörite üns bermegi üçindir diýip Kim Jong-un sözüne goşdy.Demir Gazyk Koreýanyň lideri bu gürrüňleri bu ýurdyň ýadro we raketa synaglry babatly BMG-sy tarapyndan ýöredilen gadaganlyklara üns bermek bilen beýan edendir.Demir Gazyk Koreýa 2017-nji ýylda amala aşyrm ýadro we raketa synaglary sebäpli sebit ýurtlary we Amerika tarapyndan tankyt astyna alynyp bu ýurda garşy gadaganlyklaryň ýöredilmegini isländirler.

 

Add comment


Security code
Refresh