Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Tuesday, 09 January 2018 20:27

Merkezi Aziýa ýurtlarynda terrorçylykly wehimler artjakdyr

Merkezi Aziýa ýurtlarynda terrorçylykly wehimler artjakdyr
Gazagystanyň daşary gatnaşyklar boýunça işewürler geňeşiniň başlygy Siriýadaky we Yrakdaky syýasy we harby üýtgemelere garamak bilen 2018-nji ýylda Merkezi Aziýada terrorçylykly wehimler artjakdyr diýdi.

Gazagystanyň Kaz inform habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Erlan Karin düýn beren gürrüňlerinde Siriýada we Yrakda DAEŞ terrorçylarynyň şowsyzlyga uçramaklary bilen Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky terrorçylykly hereketleriň artmagy ahmaldyr sebäbi Yrak we Siriýadaky terrorçylarynyň takmynan 5 müňsi Merkezi Aziýa ýurtlaryndandyrler diýip nygtady.

Gazagystanyň daşary gatnaşyklar boýunça işewürler geňeşiniň başlygy Erlan Karin şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlary terrorçylyga garşy göreşmek ugurda hyzmatdaşlyklaryny ösdürmelidirler diýip sözüne goşdy.

Gazagystanyň daşary gatnaşyklar boýunça işewürler geňeşi 2017-nji ýylda bu ýurdyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew tarapyndan guruldy.

Add comment


Security code
Refresh