Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Tuesday, 26 December 2017 17:51

Täjigistan terrorçylara gaşy göreşmäge taýýardyr

Täjigistan terrorçylara gaşy göreşmäge taýýardyr
Täjigistanyň milli howpsyzlyk geňeşiniň öňki sekretary Emirgul Azimow Owganystanda DAEŞ militanlarynyň sanynyň köpelenligine yşarat edip Duşenbe döwleti terrorçylara garşy göreşmäge taýýardyr diýip yglan etdi.

Eýranyň Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Täjigistanyň milli howpsyzlyk geňeşiniň öňki sekretary Emirkul Azimow Täjigistanyň harbylary we howpsyzlyk güýçleri serhetleriň aňrysyndaky terrorçylaryň hereketlerinden habarlydyrlar diýip nygtady.

Siriýa we Yrakda şowsyzlyga uçran terrorçylaryň Owganystana köpräk aralaşmaklary ahmaldyr diýip Azimow sözüne goşdy.

Täjigistan kollektiw howpsyzlyk guramasyna agzadyr we gerek bolan ýagdaýnda agza ýurtlaryň Täjigistana goldaw berjekdigini terrorçylar bilip goýsynlar diýip Emirgul Azimow nygtap geçdi.

Orsýetiň daşary işler ministrliginiň Aziýa boýunça bölüminiň başlygy Zamir Kabulow hem baýak beren gürrüňlerinde Owganystanda terrorçy DAEŞ toparynyň agzalarynyň sanynyň köpelendigini habar beripdi.

Täjigistanyň Owganystan bilen 1400 km umumy araçägi bardyr.

Add comment


Security code
Refresh