Tuesday, 05 December 2017 20:55

hazar ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek barada Eýranyň ileri süren teklipleri

hazar ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek barada Eýranyň ileri süren teklipleri
Eýranyň daşary işler ministri Hazar ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Moskwada geçiren 7-nji maslahatynda bu ýurtlaryň hyzmataşlyklaryny ösdürmek baradaky tekliplerini ileri sürdi.

Muhammet Jawad Zarif hazar ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň hazaryň hukuk derejesini belli etmek ugurdaky konwensiýany kesgitlemek bilen bir wagtda maýa goýum etmek üçin bilelikdäki gaznanyň guralmagyny ,bir gümrül penjiraniň açylmagyny,salgytlaryň birleşdirilmegini,erkin we ýörite ykdysady sebitleriň hyzmatdaşlyk etmeklerini,ýüke daşaýan bilelikdäki kopmpaniýalaryň guralmagyny ,sosial we medeni gatnaşyklaryny kämilleşdirmeklerini, syýahatçylyk hyzmatdaşlyklaryny ösdürmeklerini, wiza bermek ugurda aňrybaş ýeňillikleri bermeklerini we wizany ýatyrmak ugurda hereket etmeklerini teklip etdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif sözüniň dowamynda hazar ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň meseleleri özaralarynda çözmeklerini,suw çäkliklerini başga bir ýurda garşy harby hereket üçin keseki bir ýurduň erkinde goýmazlyklaryny ,kesekileriň harby güýçleriň hazarda huzurly bolmaklaryna rugsat bermezliklerini, deňizçilik işleriň hazaryň ýakasynda ýerleşen 5 ýurduň baýdaklarynyň astynda amala aşyrylmagyny nygtap geçdi.

Hazar ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Moskwada geçiren 7-nji maslahaty sişenbe güni Orsýetiň paýtagty Moskwada başlandy.

Eýran. Orsýet, Türkmenistan, Azerbaýjan respublikasy we gazagystan hazar ýakasynda ýerleşen ýurtlary ybaratlaýar.

Add comment


Security code
Refresh