Tuesday, 05 September 2017 21:16

BMG-synyň Howpsuzlyk geňeşinde Demirgazyk Koreýa barada maslahat geçirildi

BMG-synyň Howpsuzlyk geňeşinde Demirgazyk Koreýa barada maslahat geçirildi

 

 

Birleşen Milletler Guramanyň howpsuzlyk geňeşi Demirgazyk Koreýanyň täze ýadro synagy barada gyssagly maslahat geçirdi.

Düýn BMG-synyň howpsuzlyk geňeşi Demirgazyk Koreýanyň soňky ýadro we raketa synagy barada geçiren maslahatynda Piong Ýang döwletine garşy täze gadaganlyklaryň amala aşyrylmagyny iş buýrugynda ýerleşdirdi.

BMG-niň baş sekretarynyň syýasy işler boýunça orunbasary Jefri Feltman Koreýa ýarymadasynda dawanyň güýçlenmegi bilen bir wagtda ýalňyş düşünjeleriň we hereketleriň wehimi hem artýandyr diýdi.

Amerikanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili Niki Hilli hem Demirgazyk Koreýanyň amala aşyran 6-njy ýadro synagy babatly bu ýurda garşy agyr gadaganlyklar amala aşyrylmalydyr diýip nygtady.

Şol bir wagtda germaniýanyň Kansleri we Amerikanyň prezidenti hem BMG-syndan Demirgazyk Koreýa garşy gadaganlyklaryň artdyrylmagyny islediler.

Add comment


Security code
Refresh