Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 11 April 2018 11:49

Beýik Britaniýa ,Pars Aýlakda müdimi bazasyny açdy.

 Beýik Britaniýa ,Pars Aýlakda müdimi bazasyny açdy.
Deňizden hemaýat berilmeginiň merkezi atlandyrlan bu harby baza,geçen penşenbe güni ,Bahreýniň miras düşeri Salman ben Hamad Al Halife we şahzada Androň hüzürli bolmaklary bilen Bahreýniň Salman adyndaky portynda açyldy

Beýik Britaniýaň ,Pars Aýlakda müdimi  harby merkeziň açylmagy 1971-njy ýyldan ,Britaniýanyň sebitdäki ilkinji müdimi hüzüridir we Britaniýadan daşarda ,bu ýurduň deňiz güýçine hemaýat berýän bazalarynyň birisi hasaba gelýändir.Bahreýniň miras düşeriniň aýtmagyna görä,bu merkez,Bahreýn bilen Britaniýaň dostlukly taryhy gatnaşyklarynyň strategik neşanasydyr.ilkinji gezek 2014-njy ýylyň dekabr aýynda ara atylan bu deňiz bazaň gurulmagynyň işleri 2015-njy ýylyň noýabr aýynda Britaniýaň öňki daşary işler ministri Filip Homond bilen onuň Bahreýnli kärdeşi Şeýh Haled Ben Hamad Al Halifäniň hüzürli bolmaklary bilen geçirlen merasymda başlanypdy.Britaniýaniň güýçleriniň 1970-njy on ýyllykda Pars Aýlakdan çykan wagtlaryndan bäri bu ilkinji bazanyň açylmagy bilen ýene bir gaýtar Britaniýaň deňiz güýçi Pars Aýlakda müdimi tärde hüzürli boljakdyr.Beýik Britaniýaň Bahreýnde müdimi harby bazasynyň açylmagynyň maksaty ,Londony , Sueziň gündogarynda hüzürli bolmagy esasyndaky öňki strategisine dolandyrmakdyr. Britaniýaň öňki daşary işler ministri Filip Homond mundan ozal beren gürrüňlerinde ,Britaniýaň ,Baherýnde müdimi bolýan harby baza gurmagynyň maksaty, uly strategikiň çarçuwasynda Sueziň gündogaryna  dolanmaklrydyr diýipdi. Amerikanyň harby Strategikiniň Aziýa sebitine we Ýuwaş Ommana tarap aýlanmagy bilen,indi demirgazygyndaky  bähbitlerini goramakda köpräk paýy özüne almakçy bolýandyr.bu täze deňiz bazasy,Beýik Britaniýaň deňiz güýçüniň öz täze gämilerini öol sanda uçar ýükleýän täze gämilerini Pars Aýlakda ýerleşdirmegine mümkinçilik berýändir.emma bu mesele bu sebitde ýaraş we durnuklylygyň berkarar bolmagyna baryp çatjakdyr. Britaniýaň  köp ykdysady kynçylyklaryna üns berilmegi bilen,bu ýurduň,öz serhetlerinden daşarda harby bazasyny gurmagy,iki ýüzli syýasat wasp edilýändir.London,ençeme gaýtar Eýrany,sebitde ýarag ýaryşy ýola bermekde aýyplandyr emma Britanýanyň özi ,şeýle deňiz bazasyny gurmagy bilen,sebite uruş gämilerini iberip sebitdäki harby hüzürini artdyrýandyr.şeýle halda köpçülikde durýan şaýlaryň içerki arzalaryna gabat gelýän Bahreýindäki Al Halifaň döwleti,daşary ýurtly ýaranlarynyň şol sanda Britaniýaň hemaýatlaryny gazanmagynyň yzynda bolýandyr.

Add comment


Security code
Refresh