Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Saturday, 07 April 2018 17:56

S. Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň mejlisine gatnaşdy.

S. Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň  mejlisine gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiň oglunyň Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýasy 2018-nji ýylyň 6-njy aprelinde GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň Minsk şäherinde geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda Arkalaşygyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Mejlisiň jemleri boýunça 2017-nji ýyl üçin Daşary işler ministrlikleriniň arasynda köp derejeli geňeşler planynyň durmuşa geçirilendigi we 2018-nji ýyl üçin plana, şeýle-de GDA-da 2021-nji ýyly binagärlik we şäher gurluşygy ýyly diýip uglan etmek baradaky karara gol çekildi.

Ýatladýarys, 25-nji martda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiji bolan Serdar Berdimuhamedow 30-njy martda Türkmenistanyň DIM-niň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň prezidentiniň ogly Serdar Berdimuhamedow ýurduň Mejlisiniň (parlament) VI çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlandy. Bu barada 30-njy martda, saýlanan deputatlaryň sanawyny çap eden döwlet neşiri –  “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti habar berdi.

Ýurtda  parlament saýlawlary 25-nji martda geçirildi. Parlamentdäki 125 orun ugrunda 284 kandidat bäsleşdi. Döwlet baştutanynyň ogly 25-nji “Duşak” saýlaw okrugynda bäsleşige gatnaşdy. Bu saýlaw okrugynda sanawa 30 316 adam girizilipdi.

Serdar Berdimuhamedow saýlawçylaryň 25.700 sesini ýa-da  91,42% goldawyny aldy.

Prezidentiň oglunyň doly terjimehaly bilen “Türkmenistanyň Hronikasynyň”  “Serdaryň ýokary göterilmegi” atly makalasynda tanşyp bilrersiňiz.

 

 

Add comment


Security code
Refresh