Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 04 April 2018 15:02

Türkmenistanda IMO messenjeri petiklendi we ýene gaýtadan işläp başlady.

Türkmenistanda IMO messenjeri petiklendi we ýene gaýtadan işläp başlady.
Türkmenistanda IMO messenjeri petiklendi Emma, şol günüň agşamy bu hyzmat gaýtadan işläp başlady.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň habar bermeklerine görä, şu gün irden ýurtda ýerli ilatyň arasynda giňden ulanylýan IMO messenjeri işlemegini bes etdi.

IMO Türkmenistanda şindi işlemegini dowam etdirýän örän az sanly messenjerleriň biridi. Ýurduň ýaşaýjylary onuň kömegi bilen daşary ýurtlardaky garyndaşlary we ýakynlary bilen habarlaşýardylar.

Häzir adamlar gyssanmaç alternatiwa tapmaga çalyşýarlar. Olar AppStore we PlayMarket goşmaçalarynyň dükanlarda elýeterli bolan messenjerleriniň ählisini gezekli-gezegine oturdyp görýärler. Emma, olaryň aglabasy ýurtda işlemeýär.

Mundan iki gün ozal prezident Gurbanguly Berdimuhamedow okuw edaralaryny ýokary tizlikli internete baglamagy tabştrdy  , Sebäbi, döwlet baştutanynyň pikirine görä, ýokary tizlikli internet bilim ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýany ornaşdyrmaga hem-de okalydyşyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistan 2017-nji ýylyň aýagynda Yslam ösüş bankyndan interneti ösdümek üçin  $273 million kredit aldy , Prezident bolsa, ilatyň durmuşyndaky san aratapawudyny aradan aýyrmak üçin “Sanly Türkmenistan” programmasyny işläp düzmegi tabşyrdy.

Her halda 31-nji mart güni irden Türkmenistanda giňden ulanylýan IMO messenjeri öz işini togtatdy, Emma, şol günüň agşamy bu hyzmat gaýtadan işläp başlady.

 “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň bellemeklerine görä, IMO messenjeriniň işlemedik wagtynda VPN goşmaçalaryndan peýdalanmak mümkin boldy. Beýleki ýurtlarda IMO kadaly düzgünde işledi. Bu onuň işiniň kesilmeginiň hyzmatyň özi bilen baglanyşykly däldigini, eýsem “Altyn Asyr” prowaýderi bilen baglydygyny görkezýär.

Messenjeriň bilkastdan baglanandygy ýa-da haýsydyr bir tehniki näsazlyk esasynda işini bes edendigi belli däl.

Emma, şu gün IMO Türkmenistanda daşarky dünýä bilen aragatnaşyk üçin elýeterli bolup galýan örän az sanly goşmaçalaryň biri bolup durýar.

 

 

Add comment


Security code
Refresh