Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Tuesday, 27 March 2018 19:47

Türkmenistanyň parlament saýlawlary hakda

Türkmenistanyň  parlament saýlawlary hakda
25-nji martda Türkmenistanda Mejlise (parlament) saýlawlar geçirildi. Türkmen MST-nyň maglumatlaryna görä, 25-nji martda Türkmenistanda saýlawçylaryň 91,69%-i ses berdi.

Emma belleýäris, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumatlaryna görä, saýlawçylaryň saýlawa hakyky gatnaşyk derejesi  örän pes boldy.

Türkmenistanda ýurduň Mejlisine (parlament) saýlawlar geçirildi. Biziň maglumatlarymyza görä, ses berişlige gatnaşyk örän pes boldy.

Lebap welaýatyndaky saýlaw nokatlarynyň birinde, 1680 saýlawçynyň hasaba alnan ýerinde sagat 16.00-a çenli ses bermek üçin 47 adam geldi. Olar esasan saýlaw uçastogynyň gurnalan ýeri bolan mekdebiň mugallymlarydy.

Daşoguz welaýatynda hem şeýle ýagdaý göze ildi. Etrap merkezleriniň birindäki saýlaw uçastogynda, 2000-den gowrak saýlawçynyň hasaba alnan ýerinde 84 adam ses bermäge geldi. Olaryň ählisi býujet edaralarynyň işgärleridi we hemmesiniň elinde beýleki maşgala agzalarynyň, kähalatda bolsa goňşularynyň hem pasportlary bardy.

Bizde bu saýlaw uçastoklarynyň nomerleri bar. Emma, belli sebäplere görä, biz olary çap etmekden saklanýarys.

Biziň synçylarymyzyň sözlerine görä, ýurduň ýaşaýjylarynyň aglabasy bazar güni saýlaw uçastoklaryna gidenlerinden bazarlara gidenlerini gowy gördi.

Şol bir wagtda, sandyklary göterip, ses bermäge gelip bilmedikleriň öýlerine aýlananlaryň bolmandygy bellenýär.

Aşgabatdaky ses beriş uçastoklarynda, telewideniýe üçin ýazgy edilýän ýa-da GDA synçylarynyň barýan ýerlerinde saýlawa gatnaşygyň “ýokary” derejesi üpjün edildi. Ol ýerlerde studentler we býujet işgärleri ses berdiler, ýogsa olaryň köpüsi ses bermekleri üçin başga saýlaw uçastokalrynda hasaba alnypdy.

Käbir daşary ýurt habar serişdeleri türkmen saýlawlarynyň netijeleri bilen diňe bir sebäbe görä, olara iş başyndaky prezideniň ogly Serdar Berdimuhamedowyň kandidat hökmünde gatnaşýandygy üçin gyzyklanma bildirdiler. Häzir ol parlamentiň deputaty we Mejlisde  kanunçylyk komitetine ýolbaşçylyk edýär.

Resmi maglumatlara görä, Mejlisiň deputatlygyna saýlawlara saýlawçylaryň umumy sanyndan 91,69 prosenti gatnaşdy.

 

Add comment


Security code
Refresh