Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 21 March 2018 11:32

NATO guramasy,Orsýeti aýyplady

NATO guramasy,Orsýeti aýyplady
Demirgazyk Atlantik peýmany NATO guramasynyň harby komitetiniň başlygy General Petr Pawel ,Orsýetiň,bu peýmana agza bir näçe ýurduň şol sanda Amerika,Germaniýa,Çehiýa jumhurlygy we Fransiýanyň içerki işlerine bir näçe gaýtar dahylçylyk edenliginden habarlydygyny toslady.

Demirgazyk Atlantik peýmany NATO guramasynyň harby komitetiniň başlygy  General Petr Pawel, Moskwanyň,milli häkemiýet haklary bolýan garaşsyz ýurtlaryň içerki işlerine dahylçylyk etmeginiň köpelmegi kynçylyk döretýär diýip sözlerine goşdy.NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg hem,2018-njy ýylyň ýanwar aýynyň soňlarynda beren gürrüňlerinde,Orsýetiň ,Amerika bilen Ýewropanyň bir näçe ýurdunyň saýlawlaryna dahylçylyk etmegi baradaky toslamalara üns berip şu ýerlikde düýdüriş berdi.NATO-nyň Moskwany aýyplaýan täze toslamalary,günbataryň,Orsýetiň tersine bolýan işleriniň soňky günlerde ýaýbaňlaşmagynyň çarçuwasynda ylaýtada Orsýet bilen Beýik Britaniýaň arasynda dörän dartgynlyklaryň güýjürgemegi bilen arar atylandyr. Soňky bir näçe ýylda  hasda 2016-njy ýylda Amerikada geçirlen prezident saýlawlarda Orsýetiň dahylçylyk etmegi baradaky gürrüňlerden soň ara atylan meseleleriniň birisi,Moskwanyň ,Ýewropa ýurtlaryň içerki işlerine şol sanda saýlawlaryna dahylçylyk etmegi baradaky toslamalar bolandyr.elbetde Orsýet şol aýyplamalary ret edendir.Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ,Amerikada geçirlen saýlawlarda dahylçylyk edilmegi,Britaniýaň Ýewropa bileleşiginden  çykmagy ugurynda geçirlen refrandomda dahylçylyk edilmegi we beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşylmagy barada Moskwanyň tersine aýdylan gürrüňlere ençeme gaýtar yşarat edip,şol toslamalaryň subutlanmaklary ugrunda hiç hili senet ýokdyr diýip nygtandyr.durmuşda gündogar Ýewropada harby taýdan Orsýetiň garşysynda durýan NATO guramasynyň soňky wagtlarda Orsýeti aýyplamalary Orsýetde geçirlen prezident saýlawlardan öň günbatarlylaryň,syýasy we mediýa bölümlerde Orsýete berýän agramlaryny güýjürgetmekleri üçin sazdaş bolup tagalla edendiklerini görkezendir.2016-njy ýylyň noýabr aýynda Amerikada geçirlen prezident saýlawlardan soň ,bu ýurt Orsýeti şol prezident saýlawlarda göni tärde dahylçylyk etmekde aýyplady.Waşingtonyň sanksiýalar kanuny bolýan Kasta kanuny makullap ýerine ýetirmeginiň bahanasy hem şol mesele bolandyr.Pawl Şarikowyň ynamyna görä,Amerika bilen Orsýetiň iki taraplaýyn gatnaşyklarynyň garankylaşmagynyň sebäbi,Orsýet meselesiniň,Amerikaň içinde syýasy dawalara öwürilmegidir.bulardan aýry,Orsýetiň,Fransiýanyň prezident saýlawlarynda dahylçylyk etmegi baradaky aýyplamalar,bu saýlamalaryň garaşsyz kandidaty Emanoel  Mäkronyň zyýanyna we gaty gydyjy sagçyllaryň dalaşgäri Marin Lopeliň peýdasyna ara atylan gürrüňdir we elbetde subutlanan däldir.Orsýetiň prezident saýlawlary 8 dalaşgäriň gatnaşmaklarynda geçirildi we bu ýurduň durmuşky prezidenti W.Putin sesleriň mezende 76 prosentini özüne haslap ýene bir döwür üçin Orsýetiň prezidenti höküminde saýlandy.

Add comment


Security code
Refresh