Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 18 March 2018 09:28

Türkmenistanda ilatyň zähmete ukyply böleginiň diňe 6%-i hususy pudakda işleýär

Türkmenistanda ilatyň zähmete ukyply böleginiň diňe 6%-i hususy pudakda işleýär
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bu guramanyň wekilleriniň duşuşygy bolup geçdi.

Döwlet baştutany telekeçileri gutlap, TSTB-niň işiniň üstünlikli taraplaryny görkezmeli sanlaryň birnäçesini dile getirdi.

Beýleki zatlar bilen bir hatarda, prezident ýurtdaky hususy kärhanalaryň umumy möçberiniň 18 müňden geçendigini aýtdy.  orunlary bilen 150 müňe golaý adam üpjün edildi.

Dünýäniň ýurtlarynda adatça zähmet çekmäge ukyply ilatyň möçberi çen bilen ýaşaýjylaryň umumy sanynyň 50 prosentine barabar bolýar. 

Eger-de Türkmenistanyň ilaty 5 milliona golaý diýen sandan ugur alsak, olaryň ýarysy zähmet çekmäge ukyply adamlar bolýar. Şundan hasap çykarylsa, ýurduň işleýän raýatlarynyň umumy sanyna laýyklykda, hususy pudakda işleýänleriň möçberi işleýän ilatyň bary-ýogy 6% prosentini düzýär. Degişlilikde, ilatyň galan 94 prosenti býujet edaralarynyň işgärleri bolup çykýar.

Bu aňk ediji san.Wikipedia laýyklykda (Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň hem-de Hlakara zähmet guramasynyň maglumatlary), RF-da býujet wed öwlet gurluşlarynda işleýänler – 30,6%, ABŞ-da – 17,6%, Germaniýada – 15,3%.

Mysal üçin, Russiýa Federasiýasynda, öňden gelşine görä adamlaryň örän kän böleginiň býujet pudagynda işe ýerleşýän ýerinde, ilatyň 25 prosenti döwlet edaralarynda işleýär ,ABŞ-da  bolsa, býujet edaralarynyň işgärleri zähmete ukyply ilatyň bary-ýogy 2-3 prosentini düzýär.

Emma, biziň bu ýerde hasaplamalarda göz öňünde tutulmadyk bir ýagdaýy, ýurtdaky işsizleriň sany baradaky resmi maglumatlary bilmeýändigimizi bellemek gerek. Hususy pudakda işleýänleriň prosenti belki-de 6% däldir, köpräkdir. Emma, bu parametr işsizleriň möçberi, işe ukyply ilatyň möçberi we ýurduň umumy ilat sany bilen gönüden-göni baglanyşykly bolup durýar. Hususy pudakda işleýänleriň sany näçe ýokary bolsa, şonça-da işsizleriň   ýa başga birlerine mätäç garaşly adamlaryň sany köpeler, ýa-da ýurtda ýaşaýan adamlaryň sany azalar.

Şeýle-de Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy martda kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin fond döretmek baradaky karara gol çekdi.

Bu “ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklary döwründe telekeçilik işini has-da ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak hem-de täze innowasion önümçilikleri döretmek maksady bilen edilýär” diýip,TDH döwlet habar gullugy habar berýär.

Bu fonduň haýsy serişdeler esasynda üstüniň ýetiriljekdigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Bu fondy döretmek teklibi Türkmenistanyň Senagatçyler we telekeçiler birleşigi tarapyndan edildi.

Şeýle-de prezident kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2018-2014-nji ýyllaryň döwlet programmasyny tassyklady. Ol bu programmany öň 9-njy martda  oňlapdy.

Add comment


Security code
Refresh