Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 14 March 2018 14:29

Türkmenistanyň prezidenti Kuweýte we BAE saparyny başlady.

Türkmenistanyň prezidenti   Kuweýte we BAE saparyny başlady.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 13-njy martda Kuweýt döwletine we Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparny başlady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 13-njy martda   Kuweýt döwletine we Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparny başlady.

Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy martda Ministrler kabinetiniň mejlisini geçirdi we onuň dowamynda , Kuweýt we BAE bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn ykdysady hem-de söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, maýa goýum işini we işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtady” diýip, TDH  döwlet habar gullugy habar berdy.

Ýatladýarys, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji dekabrda BAE-niň daşary işler ministri Zaýed Al Nahaýanyň baştutanlygyndaky delegasiýasyny Kabul etdi.  Şonda, TDH-nyň maglumatyna görä, “arap maýadarlary TOPH gaz geçirijisi proýektiniň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirdiler”.

11-nji ýanwarda Birleşen Arap Emirliklerinde Türkmenistanyň daşary işler minitriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew bilen BAE-niň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri, şeýh Abdulla bim Zaýed Al Nahýanyň duşuşugy boldy.

Türkmenistan 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Garaşsyz döwlet boldy we şondan bäri bu sene ýurtda Garaşsyzlyk güni hökmünde bellenilýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi. Häzirki wagtda Türkmenistan 142 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.

Türkmenistan — demokratik, hukuk, dünýewi döwletdir. Döwlet dolandyryşy Prezident respublikasy görnüşinde alnyp barylýar. Türkmen döwletiniň syýasy gurluşy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Kabul edilen (2016-njy ýylyň 14-njy sentýabrynda täze redaksiýasy) Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda kemala getirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanuny bolmak bilen, Türkmenistanyň döwlet gurluşy deňagramlylygy saklap, özbaşdak hereket edýän kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünmek ýörelgelerine esaslanýar. Konstitusiýada berkidilen kadalar we namalar göni herekete eýe. Konstitusiýa garşy gelýän kanunlar we beýleki hukuk namalary ýuridiki güýje eýe däldir.

 

Add comment


Security code
Refresh