Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 12 March 2018 17:43

”Walýuta kursuny deňlemeli we adam kapitalyny toplamaly” – HWF-nyň Türkmenistana saparynyň netijeleri

”Walýuta kursuny deňlemeli we adam kapitalyny toplamaly” – HWF-nyň Türkmenistana saparynyň netijeleri
Türkmen ykdysadyýetiniň ýagdaýy baradaky obýektiw we aktual maglumat – tebigatda duş gelmeýän hadysa. Onsoň, HWF-nyň (Halara Walýuta(pul)Fondynyň) ekspertleriniň ýurda edýän saparlary esasynda çap edýän üzlem-saplam, sypjyk we dolulykdan daş bolan pres-relizleri hem daşardan synlaýanlar üçin gymmatly bir zada aýlanýar.

Türkmenistandaky maliýe ýagdaýynyň gözgynylygyny gytaklaýyn, o diýen öwgüli bolmadyk alamatlar boýunça hem görse bolýar: dollaryň “gara bazardaky” kursy eýýäm resmi kursdan dört esse ýokarda durýar; esasy azyk harytlarynyň garadylan aýnalaryň arkasynda gizlenilýän  gytçylygy hem munuň üstesine; ozal bir zaman ýurduň iň ýokarky ýolbaşçylaryna ýakyn duran biznesmenleriň gaçmagy  . Şu we beýleki köp sanly faktorlar Türkmenistanyň çuňňur krizise çümendigi hakynda netije çykarmaga mümkinçilik berýär, emma olar esasynda ýakyn geljek barada hem haýsydyr bir prognoz döwlet ýolbaşçylary üçin garaşylmadyk ýerden döreýän ol ýa-da beýleki problemalara çözgüt hökmünde reaktiw häsiýetde kabul edilýän kararlaryň ählisi ykdysady syýasaty düýpden öňünden çaklap bolmajak ýagdaýa salýar.

HWF-nyň hasabaty bu fonda has-da möhüm häsiýete eýe bolýar, sebäbi ýakyn geljekde nämä garaşmalydygyny çak etmek mümkinçiligini berýär. Türkmenistan, Fonduň ähli rekomendasiýalaryny ýerine ýetirmese-de, nähilem bolsa, ekspertleriň kesgitlän umumy çelgilerine eýermäge ýykgyn edýär.

Mysal üçin, HWF-nyň 2016-njy ýylyň aýagyndaky rekomendasiýalarynyň birinde “ykdysady syýasat pudagyndaky planlar boýunça maglumat ýaýratmak tagallalaryny işjeňleşdirmek” hakynda gürrüň edildi. Bu ýyl Türkmenistan tarapyndan 2018-2024-nji ýyllaryň ykdysady ösüşi boýunça bir ýyl gijigen plany çap edildi.

Golaýda hökümet tarapyndan öňe sürlen kiçi we orta telekeçiligi goldamak  hem HWF-nyň esasy rekomendasiýalarynyň biridi. Emma häzirlkiçe bu goldawyň nähili amala aşyryljakdygy aýdyň däl.

Mundanam başga, fond 2016-njy ýylda ýurduň hökümetine ençeme gezek “döwlet inwestisiýalaryny” kemeltmegi, başgaça aýdylanda, mugt berilýän jemagat hojalygy hyzmatlaryny ýatyrmagy maslahat berdi. Netijede, 2017-nji ýylyň oktýabrynda, Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde prezident bu ýeňillikleriň ýatyrylýandygyny yglan etdi.

HWF 9-njy martda fonduň ekspertleriniň Türkmenistana saparynyň netijesi boýunça nobatdaky pres-relizini  çap etdi.

Beýanatda “daşarky şertleriň gowulaşýandygy” bellenilýär, belki-de bu ýerde 2017-nji ýylda Hytaý tarapyndan şol sanda Türkmenistandan import edilýän tebigy gazyň möçberiniň artmagy nazarda tutulandyr. Hytaý, neftegaz.ru saýtynyň maglumatyna görä, türkmen gazyny almagyny 13,3%-den 33,58 milliard kub metre çenli köpeltdi. Mundanam başga, dört ýyl arakesmeden soň, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahamçasynyň (D) gurluşygy gaýtadan başlandy.

Esasy talap öňküligine galýar – Türkmenistanyň “daşarky deňagramsyzlygy kemeltmegi” zerur, ýagny çykdajylary azaldyp, soňky birnäçe ýylda ýetmezçilikli bolan býujetiň girdejilerini köpeltmeli.

“Golaýda ykdysadyýetdäki döwlet maýa ýatyryş paýynyň kemeldilmegi oňyn baha mynasyp boldy” – diýip, pres-relizde, belki-de, ilat üçin jemagat ýeňillikleriniň ýatyrylmagy nazarda tutulyp aýdylýar.

Döwlet subsidiýalarynyň peseldilmegi belki-de uzagyndan ahyrky ulanyjylar üçin elektrikden, gazdan we suwdan peýdalanmagyň bahalaryny artdyrmak bilen kompensirlener, bu göni däl görnüşde bu pudakdaky reformalary mundan aňryk hem dowam etdirmek çagyryşyna şaýatlyk edýär: “Býujet ýetmezçiliginiň kemeldilmegi döwlet maýa ýatyrymlarynyň mundan aňryk hem optimallaşdyrylmagy, çykdajylaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we subsidiýalaryň goşmaça reformalary bilen goldanylmaly”.

Şol bir wagtda Türkmenistana saglygy saklaýyşa we bilime goýberilýän harajatlary artdyrmak, fiziki kapitaly däl-de, adam kapitalyny toplamaga tarap gaýtadan ugur almak maslahat berilýär. Emma “adam kapitaly” köpçülikleýin ýurdy terk edýär  , daşary ýurtda okuw töleglerini etmekde  kynçylyk çekýär   we ýurtdan çykmasyzlaryň  “gara sanawyna ” düşmekden gorkusyna yzyna dolanmaga çekinýär.

HWF-nyň maslahatlarynyň ýene bir möhüm ugry bolsa, “import we beýleki häzirki halkara tölegleri babatynda walýuta düzgünleşdirmeleri çärelerini gowşatmak”, şeýle-de “zerur bolan goşmaça çäreleri, şol sanda çalyşmak kursuny düzetmek boýunça çäreleri görmäge seretmek” bilen bagly. Bu ahyr netijede walýutanyň resmi hem-de “gara” kursunyň deňleşdirilmegini aňladyp biler. Elbetde, öz gezeginde bu türkmen ykdysadyýetiniň şertlerinde, hökümet agzalarynyň hasabatlaryndaky yzygiderli we görülmedik ösüş maglumatlary esasynda düzülen JIÖ-niň we ilatyň girdejileriniň dollar ekwiwalentinde üç-dört esse kemelmegine getirer we juda agyryly kabul ediler.

Her niçik-de bolsa, Türkmenistanyň raýatlarynyň bank kartlarynyň daşary ýurtlarda ulanylmagynyň öňüniň doly baglanmagy  baradaky soňky täzelikden ugur alsaň, ýurduň hökümetiniň häzirki resmi kursy emeli goldamak mümkinçiligi barha we barha azalýar.

Ýogsamam bolsa, ýurduň häkimiýetleri halk içinde gowy garşylanmajak çäreleriň öz abraýlaryna urjak zarbasyny gowşatmak we döwlet baştutanyny ondan daşlaşdyrmak üçin eýýämden meýdan taýýarladylar. Geçen ýylyň güýzünde ozal ýatyrylan Halk maslahaty gaýtadan döredildi  we bu gurama, “ýurduň raýatlarynyň adyndan” girizilen we şol wagtyň özünde kabul edilýän nobatdaky çäklendirmeler bilen, bu ugurdaky ähli jogapkärçiligi öz üstüne alar. Gaýtadan direlen guramanyň ilkinji mejlisi eýýäm aprel aýynda geçiriler  .

Umuman alnanda, HWF bilen aradaky ýagdaý ünssüz okuwçy bilen mugallymyň arasyndaky ýagdaýy ýatladýar: ýagny okuwçy öý işini edýär, emma onuň jikme-jikliklerine düşünmeýär, ol diňe garaşylýan jogaby berip, öz adresine aýdylan öwgüli sözleri   eşitmäge hem-de portfelini dula zyňyp,tigir sürüp oýnamaga  howlukýar.

 

 

Add comment


Security code
Refresh