Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Friday, 09 March 2018 19:43

GDA synçylary türkmen saýlaw kampaniýasyna gözegçilik etmäge başlady

GDA synçylary türkmen saýlaw kampaniýasyna gözegçilik etmäge başlady
GDA-nyň Türkmenistanda Mejlise saýlawlara gözegçilik etmäge gelen missiýasy we olaryň baş edarasy saýlaw kampaniýalaryna gözegçilik etmäge girişdi diýip, TDH döwlet habar gullugy 5-nji martda habar berdi.

Missiýanyň düzümine 80 çemesi synçy girýär. Olaryň 10 sanysy uzak möhletli esaslarda işlär. Missiýa Ýerine ýetiriji komitetiň başlygynyň birinji orunbasary – GDA-nyň ýerine ýetiriji sekretary Wiktor Guminskiý ýolbaşçylyk edýär.

27-nji fewralda Türkmenistanda 25-nji martda geçiriljek saýlawlarda    milli parlamente deputatlyga dalaş etjek kandidatlaryň hasaba alynmagy tamamlandy.

“Kandidatlaryň sanawlary degişli saýlaw komissiýalarynda hasaba alnandan soň metbugatda çap ediler. Soňra dalaşgärleriň ählisine agitasiýa we saýlawçylar bilen duşuşmak, şol sanda saýlawdan öňki ýygnaklary, maslahatlary geçirmek, metbugatda çykyş etmek mümkinçilikleri dörediler” diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.

Milli Mejlise jemi 284 kandidat, halk maslahatynyň agzalygyna: welaýatlar boýunça – 489, etrap we şäherler boýunça – 2.570, şeýle-de Geňeşlere – 13.215 kandidat hödürlendi diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.

“Kandidatlaryň ählisi azat we deňhukukly esasda hödürlendi. Mejlse kandidatlyga hödürlemek we hasaba almak prosedurasy bolsa milli kanunçylyga doly laýyklykda geçirildi” diýip, neşir belleýär.

Saýlawdan öňki kampaniýalar we metbugatda saýlaw kampaniýalarynyň beýan edilmegi 2018-nji ýylyň 23-nji martyna çenli dowam eder.

Belleýäris, Türkmenistanda mejlis 125 deputatdan durýar. Olar bäş ýyl möhlet bilen bir mandatly okrug boýunça saýlanýar.

Ýatladýarys, 25-nji martda milli parlamente saýlawlar  geçiriler. Onda mejlisiň 125 ornuna 284 kandidat dalaş eder.

 

 

 

Add comment


Security code
Refresh