Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 04 March 2018 19:24

Zeýtun şahasy diýen harby operasiýa hakda.(Siriýa degişli)

Zeýtun şahasy diýen harby operasiýa hakda.(Siriýa degişli)
Türkiýä goşunynyň baş ştapynyň başlygy Hulusi Akar ,bu ýurduň goşunynyň Siriýanyň demir gazygyndaky harby operasiýalarynda , bütin terroristleriň dargadyljaklaryny toslady.

Anatoly habarlar gullugynyň soňky günlerde beren habarlaryna görä. Türkiýä goşunynyň Siriýanyň demirgazyk günbataryndaky Zeýtun şahasy diýen harby operasiýanyň dowam etýän ýagdaýynda Türkiýä goşunynyň baş ştapynyň başlygy Hulusi Akar ,bu ýurduň goşuny ,Efrinde bütin terrorçylary ýeňjekdir diýdi.Türkiýä goşunynyň ştapy bir beýannama çykaryp,general Hulusi Akar ,Türkiýä goşunynyň gury ýer we howa güýçleriniň serkerdeleri bilen hemra harby güýçleriň,serhet bazalaryň ,serkerdelik merkezleriň we göçemen şypahanalaryň ýagdaýlaryny barlamak üçin Hataý welaýatyna sapar edendirler diýip yglan etdi.Türkiýäniň goşun ştapy ,Ankaranyň  Zeýtun şahasy diýen harby operasiýanyň maksatyny ,Türkiýäniň serhetleriniň boýunda howpsuzlyk we durnuklylygyň berkarar edilmegi yglan edendir.Türkiýäniň harby we syýasy resmileri bu operasiýany bir näçe günlik yglan edipdiler emma bu  operasiýa takmynan gün bäri dowam edip dur.Türkiýäniň ýokary derejeli harbylarynyň bu ýurt bilen Siriýanyň aralygyndaky serhetleriň we uruşa gabat gelýän sebitleriň ýagdaýlaryny barlamak ugurda şol sebitlere baryp serhetleriň iki tarapyndaky özgörişleri barlamaklaryna hem baryp çatandyr.käbir adamlar Türkiýä goşunynyň baş ştapynyň başlygy Hulusi Akaryň ýaňky sebitleri ýakyndan baryp görmeginiň sebäbini ,Ankaranyň, Zeýtun şahasy diýen harby operasiýasy boýunça,Siriýanyň demir gazygyna goşun çekmekden ýyzarlan maksatlaryna ýetip bilmänligi yglan edendirler.şeýle ýagdaýda Damask ,Türkiýäniň harbylarynyň Siriýanyň topragyna girip bu ýurtda etýän harby hüjümlerini ýazgaryp,ony Türkiýäniň tarapyndan Siriýanyň häkemiýetine el gatylmagy yglan edendir.Türkiýäniň harbylary tarapyndan ýaraşyň nyşany höküminde Zeýtun şahasy diýen harby operasiýanyň esasynda  goňşy ýurt bolýan Siriýanyň häkemiýetiniň bozulmagy,Ankaranyň maksatlaryny ödän däldir eýsem,Siriýaly parahat ilatyň azyndan iki müň-synyň ölmeklerine sebäp bolandyr.şeýle halda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan özüni ynsan söýer adam höküminde görkezmek üçin,Türkiýä gaçan Siriýaly göçemenleriň ýa-da maýadarlaryň bir toparyna Türkiýäniň raýatlygyny berendir.  

 

Add comment


Security code
Refresh