Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Friday, 02 March 2018 19:51

Türkmenistanyň resmi metbugaty ýurtdaky un, çörek gytçylygyny ret edýär

Türkmenistanyň resmi metbugaty ýurtdaky un, çörek gytçylygyny ret edýär
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesi we birnäçe hökümet tarapdary bolan media ýurtda un, çörek gytçylygynyň bardygyny inkär edýän reportažlary çap etdi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesi we birnäçe hökümet tarapdary bolan media ýurtda un, çörek gytçylygynyň bardygyny inkär edýän reportažlary çap etdi.

Teležurnalistleriň maglumatlaryna laýyklykda, ýurduň dükanlarynyň tekjelerinde çörek önümleri bol we çörek, un söwdasynda hiç hili çäklendirme ýok.

Belleýäris, resmi media ol ýa-da beýleki azyk önümleriniň gytçylygy baradaky ähli habarlara şunuň ýaly görnüşde reaksiýa bildirýär.

Mysal üçin, ýumurtga gyt bolanda telewideniýede guş fermalary we dükanlaryň diňe ýumurtgadan doldurylan tekjeleri    görkezilýär, ýag gyt bolan halatynda bolsa, ýag zawodlary we tekjeleri ýagdan doldurylan dükanlar görkezilýär.

  Şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň demirgazygynda ýiti un, çörek ýetmezçiligi  görünýär. “Türkmenistanyň Hronikasynyň” ozal habar berşi ýaly, Daşoguzda un söwdasyny her maşgala aýda bir halta un satmaga çenli azaltdylar. Şol bir wagtda, un aljak adamlardan ýaşaýan ýeriniň ýazgysy  talap edilýär. “Azatlyk” radiosynyň maglumatyna  görä,  un aljaklardan öýlerinde gaz we suw ölçeýji gurallary oturdandygy barada güwänama talap edilýär.

Ýatladýarys Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy fewralda nobatdaky hökümet maslahatyny geçirip, ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Orazmyrat Gurbannazarowyň söwda toplumynyň işi we azyk pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi.

“Bu importyň ornuny tutýan önümleri öndürjek kärhanalaryň, şol sanda guşçulyk toplumlarynyň döredilmegidir. Olar ýurduň içerki bazarlaryny towuk eti we ýumurtgasy bilen doly üpjün etmäge, artyk öndürilen önümleri bolsa daşary ýurtlara eksport etmäge şert döreder” diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.

Prezident Berdimuhamedow “kiçi we orta biznesi ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmeginiň möhümdigini, senagat we oba hojalyk pudaklaryndaky işleriň importyň ornuny tutýan önümleri öndürmeklige we ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmeklige gönükdirilmelidigini” belledi.

Şeýlede Ýatladýarys, dekabrda Türkmenistanda towuk ýumurtgalarynyň gytçylygy duýuldy we bir ýumurtganyň bahasy 60-80 teňňä çenli baryp ýetdi.

 

 

Add comment


Security code
Refresh