Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Friday, 02 March 2018 19:22

Türkmenistanda benziniň bahasy öňküligine galdy

Türkmenistanda benziniň bahasy öňküligine galdy
Türkmenistanda benziniň bahasy öňküligine galdy. Türkmenistanda benziniň bahasy öňküligine, 1 litri 1,5 manat bolmagynda galdy.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň“ habarçylary mundan biraz öň Daşoguzdaky awtomobil eýeleriniň benziniň bahasynyň iki esse gymmatlajakdygy baradaky gürrüňlerden alada galyp, benzin guýulýan stansiýalaryň öňünde uly nobatlary emele getirip  , nobata durandyjklaryny habar berdi.

Ýatladýarys, 1-nji fewralda ýurtda benziniň bahasy 1 manatdan 1,5 manada çenli gymmatladylar.  Türkmenistanyň häkimiýetleri şondan öň benziniň gymmatlajakdygy hakynda hiç bir resmi maglumat bermediler.

Benziniň gymmatlajakdygy baradaky gürrüňler Türkmenistanyň ýangyç stansiýalarynda galagoplyk döredýär

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumatlaryna görä, şu gün Daşoguzdaky benzin guýulýan stansiýalarda uzyn nobatlar emele geldi.

1-nji martdan ýurtda benziniň iki esse, 1,5-dan 3 manada çenli gymmatlajakdygy baradaky gürrüňlerden elheder bolan awtomobil eýeleri ýangyç stansiýalarynyň daşynda hümmer boldular.

Mysal üçin, aeroport tarapdan şähere girilýän ýerdäki ýoluň boýundaky benzin guýulýan stansiýada bir kilometrden gowrak aralyga uzaýan nobat döredi.

Bu hili kartinany Daşoguzdan Köneürgençe tarap çykylýan ýerde, nebit bazasynyň ýangyç guýulýan stansiýalarynda hem görse bolýar.

Ýangyç stansiýalarynyň işgärleri öňde duran nyrh ýokarlanmalary barada hiç bir zat aýdyp bilmeýärler. Resmi häkimiýetler hem benziniň gymmatlajakdygy hakynda öňünden hiç bir maglumat bermeýärler. Bu näbellilik diňe galagoplygy güýçlendirýär.

  1-nji fewralda benziniň litri ýurtda 1 manatdan 1,5 manada çenli gymmatlady. Şonda hem häzirki ýaly,  benziniň gymmatlajakdygy hakynda öňünden hiç bir zat aýdylmandy.

Türkmenistanda 5 ýyl ozal benzin, suw ,gaz  we tok mugtdy.

 

Add comment


Security code
Refresh