Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Friday, 23 February 2018 19:45

Amerikanyň we Günbataryň, Siriýa milletine sanksIýalary

Amerikanyň we Günbataryň, Siriýa milletine sanksIýalary
Siriýanyň transport ministri Ali Hamud ,Şwesariýanyň Ženew şäherinde transport baradaky bütin dünýä maslahatynda beren gürrüňlerinde Siriýanyň tersine bolýan bir taraplaýyn sanksiýalaryň hemmesi ýatyrylmalydyr diýdi.

Siriýanyň transport ministri Ali Hamud , Siriýa ikinji gezek üçin bütin dünýä örüsinde geçirilýän transport maslahatyna goşulandyr.bu mesele bolsa halkara köpçüliginiň Siriýaň döwletini kanuny döwlet tanaýandygyny belli etýändir.bu özgerişler,ABŞ-yň Siriýanyň sanksiýalara salynmagynda hasda bu ýurty halkara örüsinde çetleşdirmek üçin Damasky diplomatik sanksiýalara salmakda bütin dünýä köpçüligini özi bilen hemra edip başarmandygyny görkezýändir.şeýle halda Amerika –Ýewropa bileleşigi we olar bilen ugurdaşdaky hereket etýän beýleki ýurtlaryň,Siriýa milletine ýola berilýän bir taraplaýyn sanksiýalarynyň dowam etmegi,Siriýanyň gumanytar ýagdaýyna,hasda saglygy goraýyş,suw,tok we taglym terbiýe bölümlerine gaty howply bolýan täsirleri galdyrandyr.günbataryň tarapyndan bolýan şeýle işler,halkara örüsinde kanuny iş hasaba gelýän däldirler we halkara konwansyýonlaryň tersine bolýandyr.halkara barlaglaryň garaşsyz komitetiniň başlygy Paulo serjio pin ýehro,Siriýada adam hukugynyň depelenmegi barada beren gürrüňlerinde ,Amerika bilen Ýewropanyň,Damaskyň tersine bolýan bir taraplaýyn sanksiýalaryny kanuny bilmedi.Amerikanyň 2011-njy ýyldan Siriýanyň tersine bolýan harby we syýasy hileleriniň güýçlenmeginiň ýany bilen,bu ýurt,günbatar döwletleriniň ykdysady hilelerine gabat gelýändir.bu zatlaryň maksaty hem agalyk etmegi isleýän gudratlaryň garşysynda Siriýa milletiniň boýun edilmegidir.Angeliýaly žurnalist we halkara meseleleriniň syýasy ekspertlerinden bolýan Patrik Wintor şu ýerlikde beren gürrüňlerinde ,günbatarlar,Siriýadaky harby işleriniň netijesiz dygyny ykrar etmeklerinden soň,olar,Siriýanyň prezidenti Başar Asad bilen onuň ýaranlaryna berýän ykdysady gysyşlaryny güýçlendirmek ugurda tagalla etýärler diýdi.Siriýadaky terrorçylykly uruş,bu ýurduň,ýaşaýyş jaýlarynyň,ýollarynyň,saglyk goraýyş we taglym terbiýe merkezleriniň , döwlet organlarynyň we esasy gurluşyklarynyň köpüsini dargamaklaryna sebäp bolandyr.terroristler siriýada köp jenaýatlary edendirler we siriýa milletine köp zererleri ýetirendirler.bütin dünýä bankynyň hasabaty boýunça siriýadaky uruş bu ýurta 226 milýard ziýan ýetirendir.her halda aýtmak zerurdir,Amerika we onuň ýaranlary siriýany sanksiýada goýup onuň milletini agyr ýagdaýa düşürendirler.

 

Add comment


Security code
Refresh