Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 21 February 2018 18:35

Türkmenistanyň raýatlary gazanç gözläp, Azerbaýjana gitmäge başladylar

Türkmenistanyň raýatlary gazanç gözläp, Azerbaýjana gitmäge başladylar
Türkmenistanyň raýatlary ýurtda agyrlaşan ykdysady ýagdaýlar zerarly gazanç gözläp, Azerbaýjana gitmäge başladylar

Azerbaýjanyň haqqin.az  saýtynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda walýutaynyň kursunyň ýokarlanmagy  we daşary ýurtlarda kartlardaky serişdeleri nagtlaşdyrmak mümkinçiliniň bolmazlygy  neitijesinde agyrlaşan ykdysady ýagdaýlar zerarly, ýurduň ýaşaýjylary gazanç üçin Azerbaýjana hem barmaga başladylar.

Bakuwyň deňiz wokzalynyň maglumatlaryna görä, goňşy ýurduň Bakuwa gelýän raýatlarynyň sany gün-günden köpelýär.

Neşiriň maglumatyna görä, türkmenler Azerbaýjanda azyk harytlaryny sagtyn alýarlar we özleri bilen getiren altyn önümlerini öz ýurtlarynda satyp boljak derejesinden gymmat bahadan satýarlar.

“Golaýda Bakuwyň halkara deňiz portunyň gümrük dolandyryşy tarapyndan respublikanyň territoriýasyna bikanun geçirilmäge synanyşylan altyn önümleriniň saldamly ýüki saklandy. Ony Azerbaýjana getirip satjak bolan adamlar Türkmenistanyň raýatlary – Muhammet Çaryýew, Bibimalin Mosyýewa we Oguljennet Pälwanowa. Gümrük barlagçylary olaryň ýanyndan jarnamada görkezilmedik 993 gram gymmat baha metallary tapdy. Derňew başlandy” diýip, haqqin.az habar berýär.

Şeýle-de neşir Türkmenistandan Azerbaýjana jelepçilik bilen meşgullanmaga gelýän aýal-gyzlaryň sanynyň köpelendigini habar berýär.

Ýurda gelýän türkmen raýatlarynyň sanynyň köpelýändigini Azerbaýjanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýanyndaky Jemgyýetçilik geňeşiniň başlygy Azer Allahweranow habar berdi.

“Soňky birnäçe ýylda türkmenleriň akymy birnäçe esse köpeldi. Bu Türkmenistandaky ykdysady krizis bilen bagly. Bu ýurduň adamlary bize altyn getirýärler we ony satyp, gazanan pullaryna azyk hem walýuta satyn alýarlar. Bu ýagdaý bize diňe telekeçileriň gelmegine däl, kezzaplaryň hem gelmegine sebäp bolýar” – diýip, Allahweranow aýtdy.

Belleýaris, şu wagta çenli Türkmenistanyň raýatlarynyň gazanç etmäge gidýän esasy ýurtlary Türkiýe bilen Orsýetdi  

 

Add comment


Security code
Refresh