Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 18 February 2018 18:43

Eýran yslam respublikasy bilen Hindistanyň gatnaşyklarynyň täze döwüri

Eýran yslam respublikasy bilen Hindistanyň gatnaşyklarynyň täze döwüri
Eýran yslam respublikasiniň prezidenti Hasan Ruhani Hindistanyň prezidenti we premýer ministri tarapyndan resmi tärde garşy alynmagynyň dabarasy düýn ertir bilen Delhide boldy.

Geçen penşenbe günden başlanan bu 3 günlik saparda Eýran bilen Hindistanyň resmileriniň arasynda möhüm gürrüňler bolandyr we elbetde dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmekleri hakda hem 15 senede gol çekilendir.bu zatlar Tähran bilen Delhiň gatnaşyklaryna uzak müddetleýyn garaýandyklaryny belli edendir.käbir ekspertleriň garaýşylaryna görä;Hindistan ösüş ýolunda hereket etýändir we şu ýolda hakykatlara daýanyp hyzmatdaşlyk pursatlardan haýyrlanmakda berk eradaly bolýandyr.ýokary okuw jaý ussady we halkara gatnaşyklar eksperti Nowzär Şäfiýi şu ýerlikde beren gürrüňlerinde ,Hindistan,dünýäde ykdysady taýdan ösüp barýan 4-njy ýurtdyr. Bu ýurt daşary maýalary özüne çekmekde desläpki 5 ýuruň hataryna girýändir.biz Hindistanyň garaşsyz almagyndan soň deslap Nehruisme şaýat bolduk we indi hakykatlar esasynda bolýan Realisme şaýat bolýarys diýendir.Eýran bilen Hindistanyň gatnaşyklary,geçen ýyllarda käbir sebit we sebit-aşa sebäpleriň täsiri astynda boldy,şonuň üçin hem,çalt öňe hereket edip başarmady.bu meseläni energiýa bölümde we Eýranyň gazyny Pakistan arkaly Hindistana geçirmekçi bolýan ýaraş turbasynda görmek bolandyr.Hindistan Ýaraş gaz geçiriji hakda görme göze iki kynçylyga gabat gelýändir,birisi Pakistan we ol biri hem Amerikadyr.emma hakykat şudyr welin,Hindistan energiýa bölümde ynamly bolýan ýurda mätäçdir.Hindistan öz ykdysadyýetiniň çarhyny aýlandyrmagy üçin,energiýa mätäç bolýandyr we öz önümlerini eksport etmegi üçin demirgazyk-günorta koridora mätäçdir.ol bir tarapdan hem Hindistanda pars dili ýoňdyr bu bolsa Eýran bilen Hindistanyň gatnaşyklary üçin bir pursatdyr.şu ugurda Eýranyň ýerine mysal üçin TOPH gaz geçirijisiniň göz öňüne alynmagy,Türkmenistanyň,Owganystan-Pakistan we Hindistanyň goşulmaklaryna mätäç bolýandyr. Şonuň üçin hem TOPH-y amala aşyrmak aňsat bolmaýar.ol bir tarapdan Hindistanyň Pakistan bilen bolýan kynçylyklary dowam etýändir.şu ýagdaýda strategik orny bolýan Eýran ,Hindistanyň energiýa mätäçligini üpjün etmeginden aýry,sebitde durnuklylyk we howpsuzlyk bolmagyna hem sebäp bolup bilýändir we bütin ýurtlar şol sanda Hindistan hem ondan haýyrlanjakdyr.

 

Add comment


Security code
Refresh