Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 15 February 2018 18:57

Türkiýe ,TOPH proýektine gatnaşjak bolýar

Türkiýe ,TOPH proýektine gatnaşjak bolýar
Türkmenistan ,Türkiýäniň TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) proýektine gatnaşmak mümkinçiliklerine seredýär

Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 13-nji fewralda Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjykly ogluny kabul etdi.

TDH döwlet habar gullugynyň habar bermegine görä, duşuşyk mahalynda türk kompaniýalarynyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçiriji proýektiniň durmuşa geçirilmegine gatnaşmak mümkinçiligi maslahatlaşyldy.

Emma, TDH türk tarapynyň gaz geçirijiniň gurluşygyna maýa ýatrymakçy bolýandygyny ýa-da onuň gurluşygyna göni gatnaşmakçydygyny aýtmaýar.

Ýatladýarys, 31-nji ýanwarda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Türkiýäniň “Çalyk Holding” kompaniýasnyň arasynda TOPH gaz geçirijisiniň ugry boýunça çekilmekçi bolýan elektrik ulgamyny çekmek proýektini amala aşyrmak baradaky düşünişmek ylalaşygyna  gol çekildi.

19-njy ýanwarda hem, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisinde ýurduň nebit-gaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Maksat Babaýew Saud Arabystanynyň TOPH gaz geçiriji proýekti üçin düýpli inwestisiýa ýollaýandygyny habar berdi.

 

Babaýewiň sözlerine görä, inwestisiýa Türkmenistanyň prezidentiniň 2016-njy ýylyň maýynda Saud Arabystany patyşalygyna amala aşyran  resmi sapary mahalynda gazanylan ylalaşyklar netijesinde alyndy. TOPH üçin maliýe serişdesi Saud Arabystanynyň Ösüş fondy tarapyndan bölünip berildi.

Habarda beriljek sermaýanyň möçberi, şeýle-de bu ylalaşygyň nähili şertler esasynda baglaşylandygy aýdylmaýar.

 

Öň hem türkmen prezidentiniň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen   telefonda gürleşendigi we Moskwany TOPH proýektine gatnaşmaga çagyrandygy belli boldy. Interfaks we TASS habar gulluklarynyň maglumatyna görä, prezident Putin TOPH proýektini durmuşa geçirmegiň näderejede mümkindigine seretmeli diýdi. Rus lideriniň pikirine görä,Owganystanda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň peýda bolmagy we olaryň eýýäm “Talyban” bilen gapma-garşylyga girmegi bu ýurtdaky howpsuzlyk ýagdaýlaryny has agyrlaşdyrýar.   

Bu gaz geçirijiniň umumy uzynlygy, takmynan, 1814 kilometre deň bolup, onuň 214 kilometri Türkmenistanyň, 744 kilometri Owganystanyň, 826 kilometri bolsa, Pakistanyň çäginden geçip, ol Hindistanyň Fazilka atly ilatly nokadyna ýetiriler. Gaz geçirijiniň kuwwaty ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gaza deň bolar.

 

 

Add comment


Security code
Refresh