Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Tuesday, 06 February 2018 19:33

Aýatolla Homeýni(r.a)niň ýolbaşçylygynda yslam rewolýusiýasynyň ýeňmegi. EYR-ň döremegi

  Aýatolla Homeýni(r.a)niň ýolbaşçylygynda yslam rewolýusiýasynyň ýeňmegi. EYR-ň döremegi
Aýatolla Ruholla Musawi Homeýni (1900-1989). Ruhany maşgalasynda doglan. Dini bilim alansoň, 27 ýaşynda Kum şäherinde dini bilimleri okatmaga başlaýar. 1953-nji ýylda Mosaddygyň hökümeti agdarylyp, ýurtda şa düzgüniniň berkemeginden soň onuň garşysyna açykdan-açyk çykyş edip başlaýar.

1964-nji ýylda noýabrynda şa hökümeti ony Türkiýä gitmäge mejbur edýär. 1965-nji ýylda Homeýni Nejefe (Yrak) gelýär. Bu ýerdäki şaýy dini merkezinde 13 ýyllap. ders berýär. Şu ýerden dolandyryşyň yslam görnüşi hakynda “Yslam hökümeti“ atly işini ýazýar. 1978-nji ýylyň oktýabrynda Homeýni Fransiýa gidýär. Şu ýerde ol öz tarapdarlary bilen eýran ynkylabyna ýolbaşçylyk edýär. Homeýni 1979-njy ýylyň 1-nji fewralynda Parižden Tährana gelýär. 3 mln. adam ony garşylamaga çykýar.

1979-njy ýylyň başynda Eýranda syýasy dartgynlylyk başlandy. Fewralyň başynda halk çykyşlary has-da güýçlendi. Hereketden gorkan şa ýurtdan çykyp gaçdy. 1979-njy ýylyň 10-11-nji fewralyndaky yslam ynkylabynyň netijesinde halk asyrlarboýy dowam eden şa düzgünini agdardy. Fewral eýran ýylnamasy boýunça bahman aýy diýlip atlandyrylýar. Wakalaryň esasan bahman aýynda bolany üçin eýran halky ol bahman ynkylaby ady bilen meşhurdyr. 1979-njy ýylyň 1-nji aprelinde döwlet resmi taýdan Yslam Respublikasy diýlip jar edildi. Respublikanyň başynda onuň ruhy ýolbaşçysy - rehberi Aýatolla Homeýni durýardy.

Eýran Yslam Respublikasynyň içeri we daşary syýasaty. Ösüş ýoluny saýlap alanda Eýran yslam däplerine artykmaçlyk berdi.1979-njy ýylyň dekabrynda ýurduň konstitusiýasy kabul edildi. Oňa laýyklykda geljekki yslam jemgyýetiniň ykdysady sütüni touhid ykdysadyýeti (Biribar, Alla tarapyndan sazlaşdyrylýan ýa-da öz-özüni üpjün edýän ykdysadyýet) düzmelidi. Bu nazaryýetiň awtory EYR-yň ilkinji prezidenti Abulhasan Banisadrdy.

Konstitusiýa laýyklykda EYR-yň ykdysady ulgamy döwlet, kooperatiw we hususy pudaklara daýanýar. Döwlet pudagy ykdysadyýetiň agramly bölegini elinde saklaýar. Goranmak senagaty, nebit-himiýa toplumy, metallurgiýa senagaty ýaly ykdysadyýetiň keşigini çekýän pudaklar onuň elinde jemlenendir. Touhid ykdysadyýeti maýanyň bir elde jemlenmegini çäklendirmekde özüni kapitalizmden, döwlet pudagyny çäklendirmekde bolsa sosializmden tapawutly hasaplaýar.

Homeýni daşary syýasatda “Ne Günbatara, ne Gündogara, diňe ortalyk ýola eýermeli!” diýen özboluşly ugry öňe sürdi. Bu syýasata Eýranda “Üçünji ýol” ýa-da “Homeýniniň ýoly” diýlip at berildi.

Eýranyň ABŞ-nyň Tährandaky ilçihanasynyň 63 sany wekilini 444 günläp zamunlykda saklamagy eýran-amerikan gatnaşyklaryny erbetleşdirdi. 1980-nji ýylyň 22-nji aprelinde Ýewropa Ykdysady Hyzmatdaşlygy Eýrana ykdysady gabaw yglan etdi. Eýranyň ABŞ-nyň banklaryndaky goýumlary “doňduruldy”.

Ali Akbar Haşemi Rafsanjanynyň prezidentligi. 80-nji ýyllaryň ahyryndan başlap Eýran uly özgerişler döwrüni başdan geçirýär. Ösüşiň yslam ýolunyň täze basgançagy prezident Rafsanjanynyň ady bilen baglanşyklydyr.

Ali Akbar Haşemi Rafsanjany. 1934-nji ýylda Kerman welaýatynyň Rafsanjan şäheriniň golaýyndaky Bahraman obasynda dogulýar. Kakasy iri pisse bagynyň eýesi bolupdyr. Şaýylaryň dini merkezi Kum şäherindäki Faýziýe medresesini üstünlikli tamamlapdyr. Ol Homeýniniň täsiri bilen şa düzgünine garşy göreşe goşulýar. 60-70-nji ýyllarda özüniň syýasy garaýyşlary üçin birnäçe sapar türme tussaglygynda bolýar. Tähranda hususy çaphanasyny açyp, dini-syýasy äheňli kitaplary neşir etdirýär. Ynkylapdan birnäçe ýyl öň Ýewropada we ABŞ-da bolup görýär. Yslam ynkylabynyň ýetşinden soň içeri işler ministri “yslam medeni ynkylabynyň“ baş ştabynyň agzasy wezipelerinde täze düzgüni berkitmäge işjeň gatnaşýar. 1980-nji ýylyň iýulynda eýran mejlisiniň (parlament) başlygy bolýar. 1984, 1988-nji ýyllarda bu wezipä iki gezek gaýtadan saýlanýar. 1989-njy ýylyň 4-nji iýunynda ymam Homeýni aradan çykansoň Haşemi Rafsanjany EYR-yň prezidentligine saýlanýar. 1993-nji ýylda tomsunda ol bu wezipä ikinji gezek saýlandy.

Geljekde Eýran haýsy ýol bilen ösmeli? Onuň geljegi nähili bolar? Homeýniniň wesýetlerine wepalylygyna galýan ýurduň dolandyryjy toparlarynyň ählisi Eýranyň geljegini yslamyň ýaşyl baýdagynyň astynda göz öňüne getirýärler. Eýrandaky ruhany dolandyryjylar ýurduň ösüş ýoly meselesinde iki topara bölünýärler:

1. Homeýniniň ýolunda özgerdişleriň tarapdarlary.

2. Homeýniniň ýoluny hiç hili üýtgewsiz tutmagyň tarapdarlary.

Ikinji ganatyň wekilleri EYR-yň Homeýniniň ýaşan wagty ornaşdyrylan düzgünlerini hiç hili üýtgedilmesiz saklap galdyrmagyň tarapyny tutýardy. Olaryň pikiriçe ykdysadyýet berk merkezleşdirilen ulgamlygyna galmaly, senagat pudagynda hususy maýany çäklendirmeli. Daşary gatnaşyklarda dünýä ýurtlaryndan üzňelik meýlinden ýüz öwürmeli däl. Jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyň ähli taraplaryny yslamlaşdyrmaly.

Add comment


Security code
Refresh