Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 01 February 2018 20:18

TOPH geçirijisi bilen ugurdaş çekiljek elektrik geçirijisini “Çalyk Holding” gurar

TOPH geçirijisi bilen ugurdaş çekiljek elektrik geçirijisini “Çalyk Holding” gurar
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 31-nji ýanwarda Balkan welaýatyna edýän iş saparynyň çäginde Türkiýäniň “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjy geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Çalyk Holding A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Bellenilişi ýaly, bu gezekki duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Energetika ministrligi tarapyndan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolta deň bolan elektrik geçirijiler ulgamyny çekmekde özara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak maksady bilen geçirilýär. Nygtalyşy ýaly, bilelikde işlenilip taýýarlanylan maksatnama netijeli gatnaşyklaryň ygtybarly binýady bolup hyzmat eder, ol “Çalyk Holding A.Ş.” türk kompaniýasy bilen energetika pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça anyk teklipleri özünde jemleýär.

Uzakmöhletleýin esasda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna türkmen gazynyň iberilmegini üpjün etjek TOPH-nyň gurluşygy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş we ynsanperwer meseleleriniň oňyn çözülmegine, parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Hususan-da, müňlerçe täze iş orunlarynyň, degişli elektrik energetika, ulag-aragatnaşyk hem-de durmuş düzümleriniň döredilmegine mümkinçilik açylar.

Bu gaz geçirijiniň ugrundaky ähli düzümleýin desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden başga-da, bu taslama elektrik energiýasyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge mümkinçilik berer, şol döwletleriň hökümetleri türkmen Lideriniň başyny başlan bu taslamasynyň tizden-tiz durmuşa geçirilmegine örän uly gyzyklanma bildirýändiklerini birnäçe gezek beýan etdiler.

Elektrik energiýasynyň önümçiligini hem-de onuň eksport möçberlerini artdyrmak, energiýa üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak ilatyň ykdysady, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen senagat önümçiliklerini gurmak Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki wagtda 2013-2020-nji ýyllarda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde eýýäm gazturbina elektrik stansiýalarynyň birnäçesi guruldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Çalyk Holding A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmeginiň hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylykly ösüş, özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň bähbidine dünýäniň sarp edijileriniň türkmen energiýa serişdelerini ibermek boýunça giň möçberli işleriň täze tapgyrynyň başlanmagyny alamatlandyrýandygyny bellediler.

 “Çalyk Holding” – türk kompaniýasy bolup, onuň baş edarasy Stambulda ýerleşýär. Bu holdingiň dokma senagatynda, energiýa, gurluşyk, maliýe, logistika we media biznesinde aktiwleri bar.

 

Add comment


Security code
Refresh